Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär

Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär

Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda ýiti respirator we sary getirme keselleri köpelýär. Balkanly lukmanlaryň ençemesi bu çagalaryň aglabasynda COVID-19-yň bardygynyň anyklanýandygyny aýdyp, olaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alnyp başlanandygyny belleýär.

"Fewralyň ahyryndan bäri sebitiň hassahanalaryna getirilýän çagalaryň sany artdy. Olaryň aglabasy bedeniniň temperaturasynyň aşa ýokarlanmagyndan şikaýat edýär. Bu çagalara koronawirus testi edilýär we olaryň aglabasynyň Covid-19 bilen keselländigi anyklanýar. Beýleki çagalaryň bolsa, ýiti respirator, dümew we sary getirme keselleri bilen keselländigi anyklanýar" diýip, welaýatyň köp ugurly hassahanasynyň çagalar bölüminiň bir lukmany anonimlik şertinde 6-njy fewralda aýtdy.

Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň bir işgäriniň we agzalýan hassahananyň birnäçe lukmanynyň sözlerine görä, bu keselçilikler, hususan-da koronawirus zerarly çagalar ölümi hasaba alnyp başlandy.

"Geçen hepdäniň dowamynda üç çaga koronawirusdan aradan çykdy. Olaryň biri 5, ýene biri 9 we üçünjisi 14 ýaşyndady" diýip, balkanly lukman aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz fewral aýynyň ahyrynda Türkmenbaşynyň 15-nji mekdebiniň üç günlük ýapylandygyny we muňa mekdebiň 10 okuwçysynyň koronawirus bilen keselländiginiň anyklanmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"26-njy fewralda bu mekdebiň 5-9-synp okuwçylarynyň 10-sy şäheriň ýokanç keseller hassahanasyna ýüz tutdy.Olar bedeniniň temperaturasynyň 40 gradusa golaýlamagyndan şikaýat etdiler.Hassahanada olar koronawirus testi edildi we olarda COVID-19-yň bardygy anyklandy.

Mekdebiň 5-nji synp okuwçysy hassahanada wepat boldy. Şondan soňra mekdebiň ähli okuwçysynda dessine test alnyp, olar öý karantinine ýerleşdirildi. Üç günläp zyýansyzlandyryş işleri geçirilensoň, mekdep 1-nji martda gaýtadan öňki tertipde işe başlady" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlykda wepat bolan okuwçynyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige äşgär etmekden saklanýar.

Redaksiýa bu aýdylanlar barada agzalýan hassahanalardan, saglyk öýünden we mekdepden resmi kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, Azatlygyň welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Bu maglumatlar, öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjymyň edilip başlan mahalyna gabat geldi.

Balkandaky habarçymyz sebit mekdeplerinde hem okuwçylara koronawirusa garşy sanjymynyň edilýändigini aýdýar. Olara "Sinowak" we "Koronawak" sanjymlary urulýar.

"Sanjymlar 7-11 synplarda okaýan okuwçylara edilýär" diýip, habarçy bilim işgärlerine salgylanyp, ýerli häkimiýetleriň mekdeplerde maska dakynmak düzgünini gaýtadan dikeltmek barada maslahat edýändigini hem aýtdy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin COVID-19 waksinasyny hökmany diýip yglan etdi. Şondan bäri ýurt raýatlary koronawirusa garşy sanjymyň dört dozasyny kabul etdiler.

Ýöne ýurtda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjymyň edilip başlanandygy barada ne häkimiýetler, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri maglumat berýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatyna görä, hiç bir kategoriýa boýunça maglumat elýeterliligi bolmadyk Demirgazyk Koreýadan başga, Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň onlarçasy pandemiýanyň başyndan bäri bu wirusa müňlerçe adamyň ýolugandygyny, başga-da şonçasynyň bu keselçilikden wepat bolandygyny habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"
Ministr Koja: "Koronawirusyň täze görnüşi Türkiyede hasaba alynmady" diýdi
Marynyň ruhy keselhanasynda hassalar hapaçylykda idegsiz, aç saklanýar
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär
Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 24 gün boldy
Türkiýe, Gazada Türk-Palestina Hassahanasyna Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy