Balkanlylar uçar gatnawlarynyň çäklendiriljekdigi baradaky myş-myşlardan alada galýar

Balkanlylar uçar gatnawlarynyň çäklendiriljekdigi baradaky myş-myşlardan alada galýar

Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy soňky günler daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn, birnäçe ýyllyk çäklendiriljekdigi barada ýaýradylan esassyz, resmi däl habaryň adamlarda uly alada döredendigini, dowla düşüp, daşary ýurt pasportlaryny, wizalaryny almaga gyssanýan adamlaryň birden köpelendigini habar berýär.

Azatlyk Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna jaň edip, bu 'habaryň' döreden aladalary barada düşündiriş almaga synanyşdy, emma telefony galdyran bolmady.

Çeşmeler galp maglumatlaryň ýaýradylmagynyň arkasynda ýurtdaky ykdysady ýagdaýlardan, daşary ýurtlara çykjak bolýan adamlaryň köpelmeginden bikanun peýda görýän döwlet işgärleriniň eliniň bolmagynyň ähtimaldygyny, ýönekeý adamlaryň beýle gürrüňleri ýaýradyp bilmejekdigini öňe sürýärler.

Galp 'bildirişiň' döreden aladalaryAzatlygyň habarçysynyň iberen skrinşotundan görnüşine görä, sosial ulgamlar arkaly, näbelli adamlar tarapyndan ýaýradylan habar’ türkmen diliniň ýazuw düzgünlerini bilmeýän adamlar tarapyndan taýýarlanypdyr we onuň galp, esassyz habardygyny birinji sözlemini okanyňda hem bilse bolýar.

Ýöne synçylar, ýurduň bilim pudagynda dörän çökgünlik sebäpli, soňky onýyllyklarda dogry ýazylan sözlem bilen nädogry ýazylan sözlemiň, sowatly adam tarapyndan ýazylan habar bilen bisowat adamyň ýaýradan habarynyň tapawudyny bilmeýän adamlaryň hem az däldigini belleýärler.

“Dürli ýokanç keselleriň, wiruslaryň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan göreşiň çäginde uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn ýapyljakdygyny aýdýan maglumatlar adamlar arasynda giň pikir alyşmalara sebäp boldy. Ýalandygy aýdylsa-da, galp bildirişe ynanyp, ýurdy terk etmek üçin ummasyz para berip, daşary ýurda gitmäge taýarlyk görýänler hem bar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Özüni Gaýypmämmet diýip tanadan raýat Balkanabatda bu galp habara ynanyp, daşary ýurtlara gitmäge ýol açýan pasportlary, günbatar döwletleriniň wizalaryny almaga synanyşýan adamlaryň az däldigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar “Şemal bolmasa, gamyş başy gymyldamaz” diýip, Türkmenistanda ýaýraýan myş-myşlaryň käsiniň soň çyn bolup çykýandygyny öňe sürýärler.

Gaýypmämmet bu aladalaryň sebäbini döwlet başynda oturan ýolbaşçylaryň halkdan üzňeligi, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ynamdan gaçmagy’ bilen düşündirdi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşaýjy özüniň gyssagly ýagdaýda dokument düzedýändigini’ aýtdy.

“Şu günler ýüzlerçe balkanly resminamalaryny taýýarlap, dekabryň 20-isinden öň, gyssagly ýagdaýda ýurdy terk etmäge taýarlyk görýär. Men hem ýurdy terk etjek. Eger ýurt karantine ýapylmasa, gelip, gidip duraryn, ýöne wagtynda gitjek” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Özüni Kerim diýip tanadan balkanabatly bu myş-myşlaryň arkasynda wiza, zagran pasport taýýarlap bereni üçin müňlerçe manat para alýan hukuk goraýjy edaralar duran bolmasyn diýen soragy orta atdy.

Ýaşaýjylaryň gorkýan zady“Bu myş-myşlar internetde ilki iki hepde ozal peýda boldy. Şondan bäri zagran pasport we wiza merkezlerinde nobata duran adamlaryň sany ençeme esse köpeldi. Şeýle-de, Balkan sebitiniň migrasiýa şahamçalarynda zagran pasporty nobatsyz almak üçin soralýan paranyň möçberi 20 müň manada çenli ýokarlandy” diýip, Kerim aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu myş-myşlar wiza we migrasiýa işgärleriniň bähbidine gara piýar ýaly’, gowy reklama hyzmatyny ýerine ýetirdi.

Şeýle-de, ol ýalan bildirişiň arkasynda hut ýokarda oturan adamlaryň duran bolmagynyň mümkindigini’ belledi.

Söhbedeşimiziň ynanjyna görä, Türkmenistan ýaly awtoritar dolandyryşly ýurtda hiç kim aňsat-aňsat prezidentiň adyndan galp bildiriş ýaýratmak töwekgelçiligine baş goşmaz.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar bu myş-myşlaryň adamlary gaty gorkuzandygyny’, sebäbi gatnawlar ýapylsa, ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň has hem ýaramazlaşjakdygyny aýtdylar.

“Eger ýurduň şu ykdysady ýagdaýynda daşary ýurtdan pul ugradýan adamlar bolmasa, köp hojalygyň iň ýönekeý azyk, iýmit önümlerini almaga-da puly ýetmezdi. 1 tamdyr çöregi 20 manat, 1 etli petir 60 manat, süýji keselli hassalar üçin 1 buhanka gara çörek 25 manat, dermanlar gymmat” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, Balkan sebitinde eklenji daşary ýurtlarda işleýän migrantlaryň iberýän puluna baglanan adam gaty kän’. Ýöne Azatlyk adamlaryň çak bilen aýdýan sanlaryny ýerinde, garaşsyz ýagdaýda barlap, tassykladyp bilmeýär.

Türkmenistan maglumat almak üçin ýapyk ýurt bolansoň, degişli edaralardan bu habaryň döreden aladalarybarada hiç bir düşündiriş alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine we çabga garaşylýar
Häkimiýetler Lebapdaky tupan barada dymýar, ejir çekenlere hemaýat bermeýär
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar