Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar

Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar

Türkmen hökümeti ýurduň täze gurulýan awtomobil ýollary bilen halkara ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýdýan mahaly, Balkan welaýatynyň çukanak-sakanak ýollary awtoulaglary hatardan çykarýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ulag sürüjileri Balkanabat şäherini Hazar şäherçesine birikdirýän gara ýoluň, hem-de Türkmenbaşy şäheri bilen Garabogaz arasyndaky ýoluň häzirki ýagdaýynyň gözgynydygyny, asfalt ýollaryň ugrunda emele gelen çukurlaryň awtoulaglary hatardan çykarýandygyny aýdýarlar.

Geçen noýabrda şäher derejesi ýatyrylan Hazar şäherçesi milliardlarça dollar döwlet serişdeleri sarp edilip, bina edilen “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň golaýynda ýerleşýär.

Uzynlygy 130 kilometr töweregi bolan Balkanabat Hazar awtomobil ýoly Jebel şäherçesiniň üstünden geçýär.

Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän günbatar sebitde ýene bir iri ulag geçelgesi, Türkmenbaşy Garabogaz Gazagystan ugry hem ýerli sürüjiler üçin, hem-de daşary ýurt ýük ulaglary üçin möhüm ýollaryň biri bolup durýar.

Azatlygyň habarçysy häzirki wagtda bu ugur boýunça hereket edýän awtomobil ýolunyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Türkmenbaşy Garabogaz ýolunyň 23-nji we 115-nji kilometrindäki bölegi doly hatardan çykypdyr, ýoluň Gyýanly we Guwlymaýak sebitleriniň gapdalyndan geçýän böleklerinde azyndan üç iri çukur bar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan maglumat berdi.

Türkmen hökümeti bu ugur boýunça täze gurulýan Türkmenbaşy Garabogaz Gazagystan awtomobil ýolunyň Türkmenistany halkara ulag-logistika merkezine öwürjekdigini aýdýar.

Türkmen metbugatyna görä, bu taslamanyň gurluşygy Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasyna ynanylýar.

Rus kompaniýasy soňky 10 ýylda Türkmenistanda 1,5 milliard dollara barabar ýol-ulag desgalarynyň gurluşygyny ýerine ýetiripdir.

Daşary ýurt ýük ulaglary Gazagystan bilen aradaky gümrük geçelgesinden türkmen çägine girip, Bekdaş serhet postundan 200 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän beýleki bir hazarýaka şähere, Türkmenbaşy şäherine barýarlar.

Ýük ulag sürüjileri häzir bar bolan ýoluň ýagdaýynyň gözgynydygyny, asfaltyň ugrunda emele gelen çukurlaryň ulaglary hatardan çykarýandygyny, tekerleriň ýarylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenbaşy Garabogaz Gazagystan gara ýol taslamasynyň bahasy aýdylmaýar, ýöne türkmen hökümeti bu ýoluň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi boljakdygyny we Türkmenistan üçin giň mümkinçilikleri wada berýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti bu taslamanyň gurluşygyny 17-nji martda geçirilen ýygnakda hem maslahat etdi.

Ýapyk we halkara jemgyýetçiliginden üzňe Türkmenistanda onýyllyklaryň dowamynda sebit we yklym ähmiýetli häsiýetlendirilen birnäçe halkara howa menzilleri, demir ýollary we gara ýollar uly şowhun we dabara bilen ýa açylyp ulanylmaga berilýär, ýa-da düýbi tutulýar. Ýöne ýurduň ýyllarboýy garyplykdan ejir çekýän ilaty bu gurluşyklaryň hözirini görüp bilmeýär. Galyberse-de, bu taslamalaryň Türkmenistanyň gaznasyna getirýän girdejileri barada halka hasabat berilmeýär.

“Etraplaryň ýollaryndaky çukurlaryň hatda entek düzedilmegine-de umyt ýok, ýöne iň bolmanda, magistral ýollar, daşary döwletler bilen aradaky ulag ýollary oňarylsa, döwletiň öz abraýy üçin gowy bolardy” diýip, gara ýoluň ugrunda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir sürüji aýtdy.

Sebitlerdäki çukanak-sakanak gara ýollar wagtal-wagtal awtoulag heläkçiliklerine sebäp bolýar. Ýatlasak, fewralyň ahyrynda Mary Türkmenabat magistral ýolunda bolan awtomobil heläkçiliginde ýedi adam aradan çykdy. Şaýatlar bu heläkçilige ýollardaky akan-çukanlygyň we çäge üýşmekleriniň sebäp bolandygyny gürrüň berdiler.

Ýurduň Içeri işler ministrligi ýollarda bolýan ulag heläkçilikleri barada hasabat bermeýär.

Azatlygyň habarçysy Balkanabat Hazar aralygyndaky gara ýolda indi birnäçe ýyl bäri abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini aýdýar.

“Balkanda iri zawodlar, nebit guýulary, girdejili pudaklar bar, ýöne muňa garamazdan transport şertleri düzedilmeýär, şert döredilmeýär. Esasy we ýönekeý meseleler çözülmeýär” diýip, balkanly ýaşaýjylar şikaýat edýärler.

Türkmenbaşy - Garabogaz Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygy Russiýanyň “Wozreždeniýe” kompaniýasyna, Garabogaz aýlagynyň üstünden geçjek 350 metrlik köprüniň gurluşygy Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasyna berildi.

Ýerli türkmenler etraplaryň arasyndaky ýaramaz ýollaryň ýyllarboýy abatlanmazlygyndan şikaýat edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy