Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar

Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar

Bananyň dünýä nyrhlary howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, golaý ýyllarda gymmatlar. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň bananlar boýunça bütindünýä forumynyň hünärmeni Paskal Lýuwe salgylanýan BBC habar berdi.

Ählumumy maýlama käbir ýerlerde bananyň hasylynyň ýok bolmagyna getirip biler, sebäbi bu miwe howanyň derejesine duýgurdyr diýip, Lýu belledi. Galyberse-de, has maýyl gurşawda bananlarda dürli keselleriň ýaýramagy çaltlanýar diýip, hünärmen sözüniň üstüne goşdy. Banan meýdanlaryna kesel aralaşdygy, ähli agaçlar heläk bolar, olary keselden goramak gaty kyn diýip, ady agzalan neşir ýazýar.

Bananyň gymmatlamagyna getirip biljek ýagdaýlar hökmünde hünärmen döküniň, energiýanyň we daşamagyň gymmatlamagyny, şeýle-de pudakda hünärmenleriň ýetmeýändigini görkezdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistan bilen Türkiýe kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maslahatlaşdy
Banan we awokado halas edýär
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn