Bangladeşde sil apatlary sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Bangladeşde sil apatlary sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Dhaka Tribune gazedi tarapyndan berilen habara görä, Bangladeşiň Tebigy apatlar we ýardam ministrliginden sil apaty bilen bagly beýannama berildi.

Beýannamada ýurduň 11 aýry sebitinde başdan geçirilen sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 67 adama ýetendigi mälim edildi.

Sil apatlary sebäpli 600 müňden gowrak adamyň kyn ýagdaýdadygy bellenen beýanatda, siller sebäpli 11 sebitde 5 milliondan gowrak adama zeper ýetendigi habar berildi.

Ministrlik 29-njy awgustda sil apatlarynyň başdan geçirilýän sebitlerde takmynan 600 saglygy goraýyş işgäriniň iş alyp barýandygyny belläp, apatlar sebäpli 500 müňden gowrak adamyň sebitdäki 3 müň 403 wagtlaýyn çadyr düşelgelere ýerleşdirilendigini aýap edipdi.

Ýene degişli makalalar

Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy
Eýran Türkmenistan bilen gaz dawasyny sudda däl-de, gepleşikler arkaly çözmek isleýär
Türkmenistan we Pakistan TOPH geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek isleýär
Asly türkmenistanly ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär
Tom Wulf
Orsýetiň Pakistana edýän gaz teklibi TOPH-a kölege salýar’