Bank edaralarynyň plastik kart we töleg ulgamlary döwrebaplaşdyrylar

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji haklarynyň öz wagtynda tölenmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýer sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipelerden ugur alnyp, topluma degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zerur enjamlardyr serişdeler bilen üpjün etmek, web saýtlary kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny hem-de maglumat infrastrukturalarynyň durnukly işlemegini gazanmak boýunça işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bank edaralarynyň plastik kart we töleg ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_6769530a733ff_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6769530a733ff_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk, intellektual eýeçilik boýunça Kararlara gol çekdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildi
Köp ene-ata işlemäge gidenleriň gelmegine, ogullarynyň öýlenmegine garaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy