Bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmakda alyş-çalyş amallarynyň orny

“Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly baýram edilýän şu ýylda milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen çagyryşy nurana geljege tarap ynamly gadam urýan türkmen halkymyzy täze beýik ýeňişlere ruhlandyrýar, ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem milli ykdysadyýetimiziň öňe tarap ilerlemegine öz goşandyny goşýar.

Bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde bank ulgamynyň netijeli işlemegine aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bank ulgamy okgunly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, maliýe akymlaryna gözegçilik etmek, olary paýlamak, hojalyk subýektleriniň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek, aýry-aýry pudaklara, işewür düzümlere hem-de ilata karz bermek wezipeleri ýüklenildi.

Ýurtda milli puluň ýeke-täk hümmetiniň saklanmagy, kadaly pul dolanyşygynyň we netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatymyzda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary - pul dolanşygynyň durnuklylygyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin amatly makroykdysady şertleriň döredilmeginden ybarat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli manadymyzyň denominasiýasy, 2015-nji ýyldan başlap bolsa türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygynyň ýeke-täk hümmetine geçirildi. Şeýle toplumlaýyn we ulgamlaýyn çäreleriň geçirilmegi manadyň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň eksport-import amallaryny amatly şertlerde ýola goýmaga we uly möçberli maýa goýum işlerini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Bank hyzmatlarynyň hatarynda alyş-çalyş amallary ähmiýetli orny eýeleýänligi sebäpli, bu ugurda Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan zerur şertler üpjün edilýär.

Ykdysadyýetiň hususy bölegi hem-de raýatlarymyz daşary ýurt puluny kanunçylykda bellenen tertipde çalşyp bilýärler. Esasan hem hususy bölege degişli taraplara önümçilik maksatlaryna zerur bolan daşary ýurt puly kanunçylykda bellenen kadalara laýyklykda zerur möçberde üpjün edilip, ykdysadyýetiň önümçilik we hyzmatlar ulgamyndaky köp sanly taslamanyň öz işjeňligini bökdençsiz alyp barmaga şertler döredilen.

Iş saparyna we syýahatçylyga gidýän, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan raýatlar, banklarda açylan “VISA” we “MasterCard” halkara töleg kartlary, şeýle hem, Western Union we MoneyGram halkara pul geçirim ulgamlary arkaly alyş-çalyş amallaryny ýerine ýetirip bilýärler.

Ylýas Bäşimow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş we Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş we seljeriş bölüminiň baş hünärmeni

Ýene degişli makalalar

'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
Türkmenistan pul geçirmeleriň gümürtikliginden näme gazanýar we näme ýitirýär?
Daşary ýurtlardaky kollejlerde okaýan türkmen studentlerine pul ibermek gadagan edildi
“Azatlyk”: Türkmenistanda kollež studentlerine pul ibermek gadagan edildi
Türkmenistan: Raýatlaryň konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberi iki esse azaldyldy
“MoneýGramyň” Aşgabatdaky ofisi ýapyldy