“Barselonanyň” 61 million ýewrolyk täze transfer

Ispaniýanyň “Barselona” kluby Braziliýanyň “Atletiko Paranaense” toparyndan ýaş hüjümçi Witor Rokeni transfer etdi. Ispan kluby Rokeniň transferi üçin brazil toparyna 30+31 million ýewro berer. Transferiň başlangyjyndan “Barselona” 35+10 million ýewro bermekçidi. Ýöne ahyrynda gelnen netije 30+31 million ýewro boldy.

18 ýaşyndaky oýunçy katalonlar bilen 7 ýyllyk şertnama baglaşdy. Başga bir klub Rokeni transfer etmek islese, 500 million ýewrony katalonlara bermeli bolar. Roke 2024/2025 möwsüminde, ýagny geljek tomusda “Barselonanyň” düzümine goşular. Roke “Atletiko Paranaense” toparynyň düzüminde 28 oýunda 12 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 'iň gymmat oýunçysy' Gyrgyzystandan Belarusa geçdi
“Real Madridden” ýüz öwürdi, “Mançester Ýunaýtede” transfer boldy
“Aston Willa” belgiýaly ýaş oýunçy üçin 50 million funt sterling tölär
'Umra zyýaratyny' hödürleýän bildirişlerden aldanýan köpelýär
Serdar Azmun BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyna geçdi
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti