Bathyz ösümlik dünýäsine baý

Gadymyýete uzaýan baý taryhy, özboluşly tebigy gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýan Bathyz belentligi ýurdumyzyň günortasynda Hindiguş dag ulgamynyň Parapamiz şahasynda ýerleşýär.Bathyz pars dilindäki “bad” (ýel, şemal) we “hyz” (turmak, göterilmek) manysyndaky sözlerinden emele gelip, “ýel turýan ýer” diýmegi aňladýar.

Bathyzyň ösümlik örtügi örän baý bolup, bu ýerde ösümlikleriň 1050 görnüşi, süýrenijileriň 40 görnüşi, guşlaryň 255 görnüşi we süýdemdirijileriň 42 görnüşi ýaşaýar. 1941-nji ýylda bu ýerde haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak hem-de olaryň biologiýasyny öwrenmek, şeýle hem ýurdumyzyň iň uly pisse tokaýlygyny gorap saklamak maksady bilen Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär.

Bathyzyň taryhy uzak geçmişlere siňip gidýär.Bu ýerde Ýeroýulanduz atly gury çöketlik bolup, onuň çuňlugy 500 metr, meýdany 300 inedördül kilometr töweregidir. Çöketligiň döremegine Tetis deňziniň aşagyndaky hereket edýän wulkaniki ojak sebäp bolupdyr.

Gadymy döwürlerde dag jynslary bolan magmalar ýer çuňlugyndan ýokary göterilip, gadymy deňziň düýbüni gümmez şekilinde galdyryp, dag jynslarynyň ýel hem ýagyş bilen ýylmanan harsaňlary şekilinde gatap galypdyr.Bu ýerde iň gymmatly goralýan jandarlary bolan gulanlar, keýikdir dag goçlary hem ýaşaýar.

Her ýylyň mart aýynyň aýagynda aprel aýynyň başynda gülleýän gülälekler we pakpakylar gyzyl reňkli giň meýdanlary emele getirýär. Çägelerde sary hem ak çigildemler peýda bolýar.Sygyrdiliniň ýaşyl-ak öwüsýän gülleri apreliň ahyrynda sähralygy has hem gözelleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Bitaraplyk - synmaz ýoly Türkmeniň
Ýurduň demirgazygynda guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri goragly ýerleri özleşdirýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Ýurduň demirgazygynda guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri goragly ýerleri özleşdirýärler