“Batly Gadam” Beýik Britaniýanyň “Primark” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

“Batly Gadam” Beýik Britaniýanyň “Primark” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanda dokma önümçiligi bilen meşgullanýan “Batly Gadam” kompaniýasy 1115-nji maý aralygynda Londonda geçirilýän “UKTurkmenistan B2B Trade Mission” işewürlik saparynyň çäklerinde britan bölek satuw boýunça iş alyp barýan “Primark” kompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi hem-de “Somerbond” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.

Kompaniýanyň wekiliýeti “Primark” kompaniýasynyň edarasyna baryp, onuň üpjün edijilere bildirýän talaplary, hil ülňüleri we logistika işleri bilen tanyşdy. “Somerbond” kompaniýasy bilen gol çekilen Ähtnama mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklary berkidip, türkmen öndürijisi üçin Beýik Britaniýanyň bazaryna çykmak boýunça goşmaça mümkinçilikleri açdy.

Mundan ozal “Batly Gadam” kompaniýasy “TurkmenExpo” hususy kärhanasynyň goldawy bilen Ýewropa bazary üçin dokma senagatyna degişli sertifikaty aldy. Bu bolsa kompaniýa daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berdi.

“UKTurkmenistan B2B Trade Mission” işewürlik sapary Günbatar London Söwda eadarasy we “TurkmenExpo” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guraldy.

Ýene degişli makalalar

Britan kompaniýalary işewürlik sapary bilen Türkmenistana gelerler
“Land Rover” türkmen bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär
Türkmenistan halkara forumlarda energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada
Türkiýäniň sürüjisiz guryýer ulagy “UKAP” ulanmaga taýar
UEFA MILLETLER LIGASYNDA 34-nji TAPGYRYŇ NETIJELERI