Batman Şam böregi (Batman Şam gutaby).
Türkiyäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän we nebit önümçilik desgalary bilen tanalýan Batman şäheri, ýerli tagamlaryň birinede öz adyny berdi.
2017-nji ýylda Batmanyň welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Batman Şam böregi ertirlik naharlaryň we gündelik garbanmanyň aýrylmaz bir bölegini emele getirýär.
Bu böregi taýýarlamak üçin hamyra un, ýag, ýogurt, duz we ýyly suw ýaly önümler, içindäki garyndy üçin bolsa saçda garyşdyryp taýýarlanan az ýagly huruş (farş), sogan, petruşka we hoş boý ysly otlar goşulýar.
Ýugrulanyndan soň 30 minut dynjyny alan hamyr, hoz ululugynda deň böleklere bölünýär, her biri 10 sm diametrde boljak ýagdaýda oklaw bilen ýaýylýar.
Ýaýylan hamyr içine garyndy ýerleşdirileninden soň, ýarym aý görnüşinde ýapylýar.
Ýag saçda gyzydyrylanyndan soň, içine börekler goýulýar we böregiň taraplarynyň ikisi hem altyn sary reňk bolýança çenli bişirilýär.
Düzümindäki artykmaç ýag, kagyz elsüpürgiç goýulan tabaga geçirilip süzülen börek, ondan soň çaý ýa-da aýran bilen gyzgyn görnüşde hödür-kerem edilýär.
