“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň klub derejesindäki iň uly bäsleşigi bolan Çempionlar Ligasynyň 31-nji, umumylykda-da 68-nji möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, “C” toparça güýçli klublary özünde jemleýär.

Olar “Bawariýa”, “Barselona, “Inter” hem-de Çehiýanyň “Wiktoriýa Plzen” toparlarydyr.Soňky çempion “Real Madrid” “F” toparçada “Leipsig”, “Şahtýor Donesk” hem-de “Seltik” bilen bije çekişdi. “A” toparçada “Aýaks”, “Liwerpul”, “Napoli” hem-de “Reýnjers” klublary duşuşar.

Şu möwsümde çykyş etjek 32 klub 15 ýurda wekilçilik edýär.Germaniýadan taryhda ilkinji gezek 5 klub çykyş edip, Ýewropa Ligasynyň çempiony hökmünde ýaryşa goşulan “Aýntraht” topary 1-nji sapar Çempionlar Ligasyna gatnaşýar.

Mundan öň 3 gezek bir ýurtdan 5 klub çykyş edipdi. 2015/16 we 2021/22 möwsümlerinde Ispaniýadan hem-de 2017/18 möwsüminde-de Angliýadan 5 topar gatnaşypdy.

Şu möwsümde 5 şäherden 2 klub çykyş eder. Olar Şotlandiýanyň Glazgo şäherinden “Seltik” bilen “Reýnjers”, Ispaniýanyň paýtagty Madridiň “Real” bilen “Atletiko”, Italiýanyň Milan şäheriniň “Milan” hem-de “Inter”, şeýle-de, Angliýanyň paýtagty Londonyň “Çelsi” we “Tottenham”, Portugaliýanyň paýtagty Lissabonyň “Benfika” bilen “Sporting” klublarydyrlar.

Toparçalardaky duşuşyklar Dünýä Kubogy sebäpli ozalkylardan ir başlap, ir tamamlanar. Şol sanda gysga aralyklarda oýnalar. 1-nji duşuşyklar 6-7-nji sentýabrda, 2-nji duşuşyklar 13-14-nji sentýabrda, 3-nji duşuşyklar 4-5-nji oktýabrda, 4-nji duşuşyklar 11-12-nji oktýabrda, 5-nji duşuşyklar 25-26-njy oktýabrda hem-de 6-njy duşuşyklar 1-2-nji noýabrda geçiriler. 2-nji tapgyryň ýa-da 1/8 finalyň duşuşyklary geljek ýylyň fewral (14-15-nji, 21-22-nji) we mart (7-8-nji, 14-15-nji) aýlarynda geçirilse, çärýek final aprelde, ýarym final duşuşyklary-da maý aýynda oýnalar.

Final duşuşygy bolsa 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Stambul şäherindäki Atatürküň adyny göterýän Olimpiýa stadionynda geçiriler.

A TOPARÇA:

Aýaks (Niderlandlar),

Liwerpul (Angliýa),

Napoli (Italiýa),

Reýnjers (Şotlandiýa)

B TOPARÇA:

Porto (Portugaliýa),

Atletiko Madrid (Ispaniýa),

Baýer (Germaniýa),

Klub Brýugge (Belgiýa)

C TOPARÇA:

Bawariýa (Germaniýa),

Barselona (Ispaniýa),

Inter (Italiýa),

Wiktoriýa Plzen (Çehiýa)

D TOPARÇA:

Aýntraht (Germaniýa),

Tottenham (Angliýa),

Sporting (Portugaliýa),

Marsel (Fransiýa)

E TOPARÇA:

Milan (Italiýa),

Çelsi (Angliýa),

Red Bull Salsburg (Awstriýa),

Dinamo Zagreb (Horwatiýa)

F TOPARÇA:

Real Madrid (Ispaniýa),

RB Leipsig (Germaniýa),

Şahtýor Donesk (Ukraina),

Seltik (Şotlandiýa)

G TOPARÇA:

Mançester Siti (Angliýa),

Sewilýa (Ispaniýa),

Borussiýa Dortmund (Germaniýa),

Kopengagen (Daniýa)

H TOPARÇA:

Pari Sen-Žermen (Fransiýa),

Ýuwentus (Italiýa),

Benfika (Portugaliýa),

Makkabi Haýfa (Ysraýyl)

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
16 duşuşyk 48 gol
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Şu gün Stambulda Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda