Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 112-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýüreklerimizde mäkäm orun tutýan mukaddesliklerimiziň biri bolup, çünki onda halkymyzyň ruhy beýikligini, mizemez ynsanperwerligini, agzybirligini alamatlandyrýan nyşanlar öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyz asyrlar aşyp, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygynyň nyşany hökmünde belentde parlaýandygy, bu bolsa ýaşaýşyň, agzybirligiň, bitewüligiň, erkanalygyň subutnamasy bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
