Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Gazada hüjümleriň bes edilmegi barada pikir alyşdy.

Ak Tam tarapyndan berlen beýannamada, Baýden bilen Netanýahunuň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Mesele barada berlen ýazmaça beýannamada, “İki lider geçen ýyl Prezident Baýden tarapyndan beýan edilen we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan bir agyzdan tassyklanan hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň boşadylmagy baradaky ylalaşyk üçin Kataryň paýtagty Dohada geçirilýän gepleşikler hakynda pikir alyşdy” diýildi.

Beýannamada, Baýdeniň Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegine, ýesirleriň boşadylmagyna we berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagyna ünsi çekendigi bellenildi.

Netanýahunuň, ABŞ-nyň Ysraýylyň milli howpsuzlygy üçin berýän goldawlary sebäpli Jo Baýdene sagbolsun aýdandygy ýatladyldy.

Baýden, 9-njy ýanwarda beren beýannamasynda, Gaza boýunça ylalaşyk gazanylmagy üçin öňe gidişlik edilendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly oppozisionerler Netanýaha garşy birleşýär
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Erdogan Gurban baýramy bilen bagly ýüzlenmesinde Gaza raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
ABŞ Ysraýylyň F-15 uçar meýilnamasy üçin Boeing bilen 8,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Tramp: ABŞ Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltse hüjüm eder
Türkiye Somali bilen energiýa we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk eder