Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Prezident Baýdeniň, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Pýer, ABŞ-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Russiýa goýan soňky sanksiýalary barada hem durup geçen Pýer, Moskwa edilýän basyşyň dowam etjekdigini belledi.

20-njy ýanwarda wezipesine girişjek ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp, wezipesine başlamagyndan soň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi maksady bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşjakdygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar