Baýer Germaniýanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda Bawariýany ýeňlişe sezewar etdi.
Lewerkuzen şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
Baýere ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem argentinaly hüjümçi Esekiel Palasios penaltiden derwezä gönükdirdi. Myhmanlaryň düzüminde Ýozua Kimmih tapawutlandy.
Häzirki wagtda Bawariýa 52 utuk bilen turnir tablisasynda ikinji ýerde, Baýer bolsa 37 utuk bilen sekizinji orunda barýar.
Ýeri gelende bellesek, hüjümçi Serdar Azmun bu oýunda Baýeriň esasy düzümine girizilmedi. Eýranly türkmen asylly oýunçy ätiýaçda galdyryldy. Azmun bundesliganyň şu möwsüminde 14 oýunda meýdança çykyp, öz adyna 2 gol ýazdyrdy.
