Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy

Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy

Baýer Germaniýanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynda Aýntrahty ýeňlişe sezewar etdi. Lewerkuzen şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Oýundaky gollaryň birine eýranly türkmen asylly oýunçy Serdar Azmun awtorlyk etdi. Has takygy, Baýeriň düzüminde Amin Adli, Mussa Diabi hem-de Serdar Azmun öz adyna gol ýazdyrdy. Myhmanlaryň ýeke-täk goly Jibril Sou tarapyndan derwezä gönükdirildi.

Azmun duşuşygyň 70-nji minutynda ätiýaçdan oýna goşulyp, oýnuň soňky minutlarynda derwezeçi bilen ýekeme-ýeke pursatda tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde, Azmun Bundesliganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny dörde ýetirdi.

Oýnuň netijesine görä Baýer (43) turnir tablisasynda Aýntrahty (41) yzda galdyryp, altynjy orna geçdi.

Ýeri gelende bellesek, Azmun ýaryşyň geçen tapgyrynda hem ätiýaçdan oýna goşulyp, gol urmagyň hötdesinden geldi. Geçen gezek ol Şalkeniň derwezesine gol geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Azmun täze möwsümiň taýýarlyklaryna Lewerkuzeniň Baýerinde başlady
Serdar Azmun kärendesine Sewilýa geçip biler
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Azmun karýerasyny BAE-de dowam etdirer
Serdar Azmun BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyna geçdi