Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar

Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar

Türkiýäniň goranyş senagaty kompaniýasy "Baykar" Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýynda 500 adamy iş orunlary bilen üpjün etjek uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady. Habar kärhananyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Haluk Baýraktar tarapyndan berildi.

Saud Arabystanynda geçirilýän "World Defense Show" atly sergide çykyş eden Haluk Baýraktar: "Kiýewdäki zawodyň gurluşygy dowam edýär. Gurluşygyň doly tamamlanmagy üçin ýene-de 12 aý gerek bolar. Soň bolsa tehnika, enjamlar we guramaçylyk işlerine başlarys" diýip mälim etdi.

Ýurtda Russiýa bilen 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän uruş sebäpli desganyň howpsuzlygy bilen bagly meseläniň bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga Haluk Baýraktar, meýilnamalarynyň ähli taraplaýyn dowam edýändigini we hiç bir ýadgaýda durmajakdyklaryny habar berdi.

Haluk Baýraktar mundan başgada kärhananyň 2024-nji ýylda içerki ulanylyş üçin Akynjy önümçiligini 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini, geçen ýyl öndürilen Akynjylaryň sanynyň 36-dygyny, 230 sany bolan TB2 önümçiliginde bolsa üýtgeşikligiň bolmajakdygyny beýan etdi.

Baýkar kärhanasynyň dronlary II Garabag söweşinden soň dünýä derejesinde ýaň salypdy. Ukraina şol dronlary söweşiň başlan wagty bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri ulanýar. Baýkar kärhanasy aralarynda Ukraina, Efiopiýa, Liwiýa, Azerbaýjan hem bolan dünýäniň 30 ýurdy bilen TB2-leriň üpjünçiligi bilen bagly ylalaşyk baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýraktar TB3 SİHA 26-njy Uçuşyny Üstünlikli Ýagdaýda Tamamlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny