Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär

Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär

Mary welaýatynyň Baýramaly we Sakarçäge etraplarynda gallaçy kärendeçiler bugdaý ýetişmedik meýdanlarda orak möwsümine gyssagly girişmäge mejbur edilýärler. Ilkinji nobatda, uly ýollaryň ýakasynda ýerleşýän bugdaý meýdanlaryndaky hasylyň ýygnalmagy talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Kärendeçiler orak möwsümine 30-njy maýda girişipdirler. Ýerli häkimiýetler gara ýollaryň ýakasynda ýerleşýän meýdanlarda hasylyň gyssagly ýygnalmagyny talap edýärler.

Ýerli ýaşaýjylar howul-hara orak geçirilýän bugdaý meýdanlarynda haşal otlaryň köpdügini aýdýarlar.

“Bugdaý heniz doly ýetişmedi. Heniz ýetişmedik hasyly näme sebäpden ýygnatdyrýarlar!? Belli däl” diýip, bir daýhan adýar.

Ýol ugrundaky bugdaý meýdanlarynyň gabatlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäri ýakyn wagtda ministrlikleriň birinden barlaga garaşylýandygyny, şol sebäpden ýoluň ugrunda ýerleşýän haşal otly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine girişilmeginiň talap edilýändigini aýdýar.

“Ýoluň ugrundaky kärende ýerler arassalanmaly edildi. Göze görnüp duran problemany hasyl ýygnap gizlejek bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýol polisiýasynyň sözlerini sitirleýär.

Orak geçirilen ýerlerde yzda galan samanlary ýygnamak hem daýhanlar üçin alada öwrülýär. Kärendeçiler iň azyndan samanlaryny meýdanlarda guratmakçy bolýarlar. Ýöne muňa rugsat berilmeýär.

“Daýhanlar ýetişmedik bugdaýyň samanlaryny näme etjeklerini bilmeýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda bugdaý oragyna Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda resmi taýdan 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 9-njy iýunda girişmek kararlaşdyryldy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 30-njy maýda Baýramaly etrabynyň bugdaý meýdanlarynda düşürilen wideo görnüşleri okyjylary bilen paýlaşdy.

Wideoda heniz doly ýetişmedik, ýaşaryp oturan, haşal otly bugdaý meýdanyny görmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe gün mundan ozal Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň pes hasylly bugdaý meýdanlarynda galla oragyna girişilendigini habar berdiler.

Günorta-günbatar sebitde suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi ýaly üpjünçilik problemalary sebäpli bugdaýlar ir hasyla durupdyr we pes hasyl beripdir.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan balkanly kärendeçiler geçen ýylyň dowamynda suw ýetmezçiliginiň ýitileşmegi, ygalyň az bolmagy, öz wagtynda mineral dökünleriň ýeterlik üpjün edilmezligi, tehnika kynçylyklary we zyýankeşlere garşy zerur dermanlaryň wagtynda üpjün edilmezligi ýaly problemalar sebäpli, bugdaýyň hasyllylygynyň pes bolandygyny gürrüň berdiler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Baýramaly we Sakarçäge etraplarynda gyssagly galla oragyna girişmäge mejbur edilen daýhanlar orak geçilen meýdanlarda dessine samanlary ýygnap almaga çalyşýarlar.

Birnäçe kärendeçi özleriniň bugdaý saralýança hasyl ýygnamakdan ilkibada boýun gaçyrandyklaryny, ýöne brigadirleriň tutanýerli talaplary bilen ýüzbe-ýüz galandyklaryny aýdýarlar.

“Brigadirler bize buýruk geldi, ýygmaly diýdiler” diýip, jogap berýärler diýip, ilkibada hasyl ýygnamakdan boýunça gaçyran gallaçy kärendeçi aýdýar.

Ýerli synçylara görä, Balkanyň Gyzylarbat etrabynda ir hasyla duran meýdanlarda bugdaý oragyna girişilmegi, Marynyň Baýramaly we Sakarçäge etraplarynda heniz ýetişmedik bugdaý meýdanlarynda orak geçirilmegi sebitlerde un we bugdaý üpjünçiliginiň ýagdaýy boýunça aladalanmaga belli bir derejede esas döredýär.

Türkmenistan Gazagystan we Russiýa ýaly Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girýän ýurtlardan bugdaý we un import edýär. Ýöne geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, şu ýyl Gazagystandan import edilýän bugdaýyň möçberi 38,4 göterim, unuň möçberi bolsa 63 göterim pese gaçdy.

Bu sanlar Türkmenistanyň ýerli bugdaý önümçiliginiň ähmiýetini artdyrýar. Ýöne häkimiýetler heniz doly ýetişmedik bugdaý meýdanlarynda oraga girişmegi buýruk bermek bile, hem galla üpjünçiliginiň umumy ýagdaýyna, hem-de kärendeçileriň plan dolmak tagallalaryna ters täsir edýärler.

Ter bugdaýyň hasylyny ýygnamaga mejbur edilen gallaçylar bu ýagdaýyň öz girdejilerine ýaramaz täsir etjekdiklerini aýdýarlar.

Maryly daýhanlar bugdaýyň giç ýetişmegini suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi ýaly problemalar bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär
Bugdaýa ideg işleri: Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi kadaly gögerişe böwet bolýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar
Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady