Baýramalyda, Balkanabatda, Kakada we Bäherdende demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

Baýramalyda, Balkanabatda, Kakada we Bäherdende demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatynda aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, täze desgalaryň gurluşygynda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda et we et önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly aladalar dowam edýär
Et gytçylygynyň arasynda, söwda resmileri bu önümiň eksportyny çäklendirmäge çalyşýar çeşmeler
Duşak, Bamy, Jebel we Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurular
Duşak, Bamy, Jebel we Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar