Baýramçylygyň öň ýanynda Aşgabatdan içerki migrantlar çykarylýar

Baýramçylygyň öň ýanynda Aşgabatdan içerki migrantlar çykarylýar

Aşgabadyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan paýtagta gelip işleýän içerki zähmet migrantlaryny öz ýaşaýan sebitlerine ibermek çärelerini gaýtadan güýçlendirdiler. Häkimiýetler bu çärelerini Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda şäherde howpsuzlygyň güýçlendirilýändigi bilen düşündirýärler.

"Bu günler şäherde gije maksatsyz gezýän ýaşlara, welaýatlardan gelip, ten söwdasyny edýän gyzlara garşy reýdler geçirilýär. Şeýle-de, welaýatlardan gelip, gurluşyk firmalarynda ýa-da 'Altyn Asyr' gündogar bazarynda işleýän işgärleri hem 12-nji dekabra çenli şäherden çykarmak işleri başlandy" diýip, Köpetdag etrap polisiýasyndaky çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäher polisiýasy öz işgärlerine tutulyp eltilen her bir içerki migrant üçin 100 manat höweslendiriji pul baýragyny berýär. Saklanýan içerki migrantlaryň arasynda Aşgabatda wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnamasy bolan raýatlar hem bar.

"Içerki migrantlar ilki 'Arzuw' wagtlaýyn tussaghanasynda iki gije-gündiz saklanýar. Soňra olardan baýramçylyk döwründe Aşgabatda bolmajakdygy barada anketa gol çekmek talap edilýär. Soňra-da olary wokzala äkidýärler we degişli welaýatlardan gelen polisiýa işgärlerine tabşyrýarlar. Olar içerki migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine alyp gidýärler" diýip, çeşmämiz belledi.

Aşgabadyň häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu çäreler barada hiç hili düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, paýtagtyň häkimiýetleri dilden edýän beýanatlarynda bu çäreleriň sebäplerini 12-nji dekabrda belleniljek Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda şäherde howpsuzlygyň güýçlendirilýändigi bilen düşündirýärler.

Ýöne olar içerki migrantlaryň Aşgabatda bolmagy bilen şäheriň howpsuzlygynyň arasynda nähili ilteşigiň bardygyny aýdyňlaşdyrmaýarlar.

Bu aralykda, habarçymyz öz welaýatlaryna iberilýän içerki migrantlaryň arasynda polisiýa işgärlerine para berip, ýene Aşgabada dolanýanlaryň bardygyny hem aýdýar.

"Ýaşlyk demirýol stansiýasynda düşüp, resminamalarymy yzyma almak üçin polisiýa işgärine 500 manat para berdim. Eger bu ýoly saýlap almadyk bolsam, onda Täze ýyl baýramynda maşgalam pulsuz galardy" diýip, anna güni paýtagta gaýdyp gelen maryly gurluşyk işgäri aýtdy.

'Arzuw' tussaghanasyndaky bir çeşmämiz hem, ten söwdasynda saklanan zenanlaryň tas 80%-niň azatlyga goýberilýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu zenanlaryň kanun goraýjy edaralaryndaky täsirli tanyş-bilişleri tussaghana resmilerine jaň edip, olardan degişli zenanlary goýbermegi talap edýärler.

Azalyk Radiosy bu barada paýtagtyň Polisiýa müdirliginden we "Arzuw" tussaghanasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Paýtagtyň häkimiýetleri içerki zähmet migrantlaryny Aşgabatdan çykarmak çärelerini indi alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirýärler. Häkimiýetler bu çärelerini wagtal-wagtal, hususan-da uly baýramçylyklaryň we çäreleriň öň ýanynda güýçlendirýärler. Olar munuň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler.

Gurluşyk we beýleki işlerde zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylary öz sebitleri bilen deňeşdirilende paýtagtyň iş babatda has köp mümkinçilik hödürleýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy belleniler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody geçen ýylkydan 2,4 million manat köp girdeji gazandy
Elman Tagaýew ― 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy
“Eýran Üçin Wagt Azalýar”
Ýakynda Gündogar Ýurtlaryň Arasyndaky Dartgynlyk Azalýar
Kawkawdaky Buz Gatlaklary 40 Göterim Azaldy