Baýramlara beslenen bahar

Baýramlara beslenen bahar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly kalplara mähir nuruny çaýyp, Diýarymyza gadamyny basdy. Çünki döwür bagtyýar, döwlet bagtyýar bolanda ruhubelentlik bile garşylanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we halkara ähmiýetli çäreleriň, bäsleşikleriň, medeniýet ulgamynda halkara ähmiýetli çäreleriň ençemesi geçirilýär.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Baýramlara beslenen bahar ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirdi.Baýramçylyk çärede Halk we Milli saz gurallary bölüminiň toparlarynyň gatnaşmagynda ýaňlanan mahmal owazly aýdymlar, şirin sazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buşlukçysy bolup ýaňlandy.

Mekdebiň körpeje dutarçylarynyň gatnaşmagynda Küşt depdi, Gopuzlyja gyzjagaz, Ýazlarym bar, Arzuwym, Ýaşlyk aýdymy, Ýaşa Türkmenistan ýaly türkmen kompozitorlarynyň saz eserlerini uly höwes bilen aýdymçy oglan-gyzlar Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuň söýgüniň waspyny etdiler. Ýaşajyk akkordeonçylaryň ýerine ýetirmeginde Bahar tansy, Dutaryň owazy atly sazlary bilen türkmen saz sungatyny zehinli sazandalaryň ýetişip gelýändiginiň subutnamasy boldy.

Bagtyýar şu günümiz, döwletli-döwranly röwşen ertirimiz üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Býujet işgärleri Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärelere tomaşaçy hökmünde çekildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
“Biz Özara Ynama we Bähbide Esaslanýan Agzalyk Etabymyzyň Depginini Güýçlendirmegi Arzuw Edýäris”