Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar

Germaniýanyň awtoulag öndürijileri oňaýsyz ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Elektrik ulaglaryna we awtonom ulgamlara geçilmegi nemes awtoulag pudagy üçin çykdajylary ýokarlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary satmakdan gelýän zerur maliýe serişdeleriň geljegi barha näbelli bolup galýar. Bu barada halkara habarlar ýaýlymy “Deutche Welle” (DW) tarapyndan ýekşenbe güni çap edilen makalada aýdylýar.

“Volkswagen”(VW), “Mercedes Benz” we BMW ýaly esasy nemes awtoulag öndürijileri 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda girdejilerini we peýdalaryny ýokarlandyryp, kanagatlanarly netijeleri görkezen hem bolsalar, ýylyň ikinji ýarymy üçin çaklamalar olaryň maýadarlaryny we paýdarlaryny kanagatlandyrmady. Inflýasiýa, bank göterim derejeleriniň ýokarlanmagy we täze awtoulaglara bolan islegiň peselmegi ýaly ýagdaýlar pudagyň mümkinçiligini peseldýär.

Germaniýada awtoulaglara, şol sanda elektromobillere bolan sargytlar azalýar. Olara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterim peseldi.

Hytaýyň barha ösýän awtoulag bazary

Dünýäde iň uly we ähmiýetli awtoulag bazary bolan Hytaýda elektrik ulaglary pudagy çalt depginde ösýär. Bu ýurtda elektrik ulaglaryň diňe bir täze hasaba alnyşy ýokarlanman, eýsem olaryň önümçilik mukdary hem giňelýär. Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän ähli elektrik ulaglarynyň ýarysy Hytaýyň paýyna düşýär.

Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijileri möhüm tehnologiki üstünlikleri gazanyp, pudagynyň öňdebaryjy kompaniýasy “Tesla” bilen tehnologiki araçägini gysgaltýarlar. Hytaýyň awtoulag satyn alyjylary tarapyndan içerki markalara has köp isleg bildirilýär. Hytaýyň iň uly awtoulag öndürijisi BYD şu ýylyň birinji ýarymynda “Tesla” kompaniýasyna garanyňda 29 göterim köp elektrik awtoulaglary satdy.

VW-niň ýokary derejeli markalary bolan “Porsche” we “Audi” hem-de beýleki iki nemes awtoulag öndürijisi “Mercedes-Benz” we BMW Hytaýda şowsyzlyklara sezewar bolýarlar.

Umuman içerki ýangyç hereketlendirijili ulaglary öz içine alýan Hytaýyň awtoulag bazarynda ýurduň awtoulag markalarynyň 51 göterim bazar paýyny alyp, şu ýyl ilkinji gezek daşary ýurt markalaryndan satuw mukdary boýunça öňe geçmeklerine garaşylýar.

Mundan başga-da, “AlixPartners” halkara maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin taýýarlanylan “Global Automotive Outlook” hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli bu paýyň 65 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ýewropada awtoulag söwdasynyň COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürden takmynan 15 göterim pes bolmagyna garaşylýar. Ýewropanyň awtoulag öndürijileri hatda öz bazarlarynda-da Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijileri bilen bäsdeşlige duçar bolýarlar.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaý dünýäniň öňdebaryjy awtoulag eksportçysy hökmünde Ýaponiýadan hem öňe geçdi.Hytaý 2020-nji ýylda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag eksportçylarynyň sanawynda altynjy orny eýeleýärdi.

Häzirki wagtda Hytaý satuw bazary, eksportçy we önümçilik ýeri hökmünde ösýär.

“Hytaý awtoulag ägirdine öwrülmegiň ugrunda we nemes awtoulag öndürijileri üçin ýokary girdejili döwür tamamlanýar” diýip, “AlixPartners” kompaniýasynyň awtoulag senagaty boýunça bilermeni Fabiýan Piontek aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy