Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär.Ynha, bu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagyndaky ahalteke bedewiniň baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym” baýramçylyk konserti geçirildi.
Bu dabara ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň zehinli talyplary gatnaşdylar we joşgunly çykyşlar etdiler.Dabara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Resul Nurowyň ýerine ýetirmeginde we Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň dirižýorlyk etmeginde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallar orkestriniň sazandarlyk etmeginde “Türkmen Bedewi” atly aýdym bilen açyldy.
Soňra konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýewiň ýerine ýetirmeginde “Säher aýdymy”, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Merdan Gurbandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Çapar arlaýa, arlaýa”, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gurbanjemal Baýçyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Ýarymeý”, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Erkin Gurbanberdiýewiň ýerine ýetirmeginde “Gyratym”, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby Merdan Janmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Özgeleri diňledim”, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Döwlet Işbaýewiň ýerine ýetirmeginde “Keremiň aýdymy”, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Remezan Işankulyýewiň ýerine ýetirmeginde Aýgytly ädim kinofilminden “Artygyň aýdymy”, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Kakageldi Akmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Çapyksuwaryň aýdymy”, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Gurbangözel Gurmanmyradowanyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagym bedew ata atlansa”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepgeldi Mukamowyň ýerine ýetirmeginde “Meleguş” kinofilminden Altynyň aýdymy, Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk institutynyň talyby Aýnur Gurbanmyradowanyň ýerine ýetirmeginde “Armanym”, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Kakaguly Öwezowyň ýerine ýetirmeginde “Çap bedewim”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Nazar Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Alym Taýyrowyň ýerine ýetirmeginde “Diýarym”, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Orazguly Jollyýewiň ýerine ýetirmeginde “Gyrat meni çandybile sen ýetir”, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby Alp Arslan Handurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Bedewim”, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň talyby Selbi Bazarowynyň ýerine ýetirmeginde “Galdym Armanly” ýaly ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.
Konsertiň ahyrynda bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Güljemal Taýlyýewanyň, Gözel Annaýewanyň, Nazar Garaýewiň, Pälwan Bakyýewiň, Çynar Ataýewanyň, Döwletmyrat Gurbangeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýylyň şygaryny wasp edýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” atly aýdymy bilen tamamlandy.
Bu konsert ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşygynyň has-da berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp dabaraly çäreleriň geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!
Leýli GARÝAGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türken milli konserwatoriýasynyň “Fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby
