Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň bilelikde guramagynda Bedew batly ösüşleriň mekany ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatlary, taýsyz tagallalary bilen badalga berilýän taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi, ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünlikler ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelge bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, bu günki günde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda milli ýörelgelerimize uly üns berilýändigi barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
