BEDEW BATLY, ŞAN-ŞÖHRATLY DIÝARYM!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň we kitaphananyň gurnamaklarynda Bedew batly, şan-şöhratly Diýarym!atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiň we bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işler, Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýändigi barada aýratyn durup geçdiler.

döredilen.Kitaphanada ýylymyza bagyşlap Bedew batly Türkmenistan-dillerde dessan atly guralan kitap sergisi bolsa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.Ajaýyp döwrümizde okamana, döredijilikli zähmet çekmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI
Kitaphana rowaçlyklara badalga
Bagtyýar nesilleriň nagmalary
Kitaphana syny
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
Kitaphana syny