BEDEW-BEÝIK EÝÝAMYŇ, TÄZE ZAMANANYŇ YLHAMY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä 2026-njy ýyla hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly at-myradyň mekany” diýlip şygary we ýylyň nyşany kabul edildi.

Ata-babalarymyz öz ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler.Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr.

Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär.Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.Millilik-milletiň mertebesi.

Milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr.Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym!Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň!

Birinjisi-Watany, ikinjisi-ata-enäni, üçünjisi bolsa-aty” diýipdir. Şeýle-de Seýdi şahyra: “Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň” diýdirip bilen türkmen bedewlerini taryplamaga söz ýetmez.Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. “At-myrat” diýip ony döwletlilige deňän batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň maksatlary myrat bolsun. Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, biz ýaşlara öwrenmäge, döretmäne, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. _____________________________ Jeren Altyýewa Watan mukaddesligi muzeýiniň Muzeý işini guramak bölüminiň Baş gazna saklaýjysy

Ýene degişli makalalar

BEDEW BATLY-AT MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY