BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Behişdi bedewler - gözelligiň nusgasy ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halky owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplarynda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Behişdi bedewlerimize belent sarpa
Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy - bedew atlar dillerimiziň senasy
ŞAN GOŞAR SEN, ÝYLLAŇ ŞANYNA BEDEW!
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi