Belarus Türkmenistana awtomobil tehnikasyny ibermegi ýola goýmaga ymyt baglaýar

17-nji ýanwarda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana belarus delegasiýasy geldi.

Belarusyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhowyň habar bermegine görä, “Belarus ilkinji nobatda Türkmenistana bu ýurtda uly islegden peýdalanýan belarus awtomobilini, oba hojalyk teknikalaryny ibermegi dikeltmäge bil baglaýar”.

Şeýle-de, Türkmenistana belarus liftlerini, tekerlerini we dokma önümlerini ibermek şertnamalary gol çekmäge taýýarlandy diýip, ont.by neşiri habar berýär.

Ýatladýarys, belarus tehnikalary Türkmenistana örän uly möçberlerde we yzygiderli iberildi. 2015-nji ýylda Belarus Türkmenistana MAZ tehnikalarynyň 550-sini ibermegi niýet edindi, 2013-nji ýylda 2,5 müňden gowrak teknika iberildi.

2010-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda Türkmenistana Minsk awtozawodynyň 400 million dollardan gowrak serişdä durýan bäş ýarym müňden gowrak teknikasy geldi.

2015-nji ýylda Aşgabatda serwis/hyzmat merkezini gurmak planlaşdyryldy, bu merkezde belarus tehnikasy satylmalydy, olara hyzmat edilmelidi, ätiýaçlyk şaýlary satylmalydy we kadrlar taýýarlanylmalydy (sürüjiler, mehanikler, elektrikçiler). Bu proýektiň bahasy 10,5 million dollara barabardy. Emma, bu hyzmat merkezi doly möçberinde henize-bu güne çenli gurulman gelýär.

2016-njy ýylda habar berilmegine görä, MAZ-yň halkara bazarynda bäsleşik ukybyny ýitirmegine we ýapylmagyň gyrasynda durandygyna garamazdan, bu kärhana birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanyň hökümeti bilen ýylda 2 müňden gowrak ýük we oba hojalyk tehnikasyny ibermek barada uzak möhletli şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran: Türkmen gazyna zerurlyk bolmaz
02.03.2018 | Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady
Türkmenistanyň we Eýranyň işewürler toparlary bähbitleri birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler
Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna sil geldi
Türkmenistan Balkanda bolan sil joşguny barada dymýan mahaly, Eýrana duýgudaşlyk bildirdi
Türkmen DIM-niň resmisi ýerli ilatyň sil suwundan ejir çekendigini inkär edýär