Belarusda türkmen studenti kireýine ýaşaýan jaýynyň eýesine pyçakly topuldy

21-nji martda Belarusyň Gomel şäherinde 19 ýaşyndaky türkmen studenti kireýine ýaşaýan kwartirsynyň 24 ýaşyndaky hojaýynyna üç gezek pyçak urdy. Bu barada “gomel.today” saýtynda habar berilýär.

Hüjüm duşuşyk wagtynda, studentiň jaý tölegini etmeli pursatynda boldy. Hüjüm eden gomelli zenanyň maşynyna mündi we ilki ol ýerde dawa boldy, soň ýaş ýigit ejir çekeniň boýnundan üç gezek pyçak urdy.

Neşiriň maglumatyna görä, gyz ýaşaýar we keselhanada saklanylýar, hüjüm eden tutuldy.

Habar berilmegine görä, student humarly oýunlar bilen meşgullanypdyr, köp wagtyny oýun awtomatlarynyň başynda geçiripdir we henişe pula mätäçlik çekipdir.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy
Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna goşant goşan ogul-gyzlara belent hormat
Ýetginjekleriň we gyzlaryň 200-e golaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler
Belarus mediasy: türkmen studentleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin söwda nokatlarynyň kassalaryna üýşýär
Belarusda türkmenistanly student ýaşaýan jaýynyň eýesini pyçaklady
Belarusda türkmenistanly studentiň iki aýlyk bäbeginiň jesedi tapyldy