Belarussiaýda harby türgenleşik geçirilýär

Belarussiýanyň Goranmak ministrliginiň Telegram hasabyndan berilen beýanatda, Russiýa bilen Ukrainanyň serhetleriniň golaýynda Gomel şäheri bilen Litwa we Polşa serhetleriniň golaýyndaky Grodno şäherinde 3 gün dowam etjek harby türgenleşik başladandyklaryny habar berdi.

Beýanatda serhet zolagyndaky türgenleşikleriň maksadynyň hüjüm ähtimallygyna garşy şol sebitleriň goralmagy we adatdan daşary ýagdaý bilen bagly çäreleriň ýerine ýetirilmegine taýarlyk görmekden ybaratdygy mälim edildi.

Belarussiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina uruşy sebäpli halkara jemgyýetiň ýazgarmalaryna we sanksiýalara sezewar galan döwründe Moskwa diplomatik goldaw berendikleri we harby hyzmatdaşlygy dowam etdirendikleri sebäpli ABŞ we Ýewropa ýurtlary tarapyndan tankyt edilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň we Ukrainanyň Wekiliýeti Gepleşikleriň Dowam Etdirilmegi Meselesinde Ylalaşyk Gazandy
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar
Zelenskiý rus wekiliýeti bilen Belarussiýa serhedinde şertsiz gepleşikleriň geçiriljekdigini belledi
Kreml: "Russiýanyň wekiliýeti Ukraina bilen gepleşikler geçirmek üçin Belarussiýa bardy" diýdi
Ukrainanyň Prezidenti Russiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler barada beýanat berdi
Happy Childhood