Belgiýaly aýdymçy Magtymgulynyň goşguşysyna aýdym döretdi

Belgiýaly aýdymçy Magtymgulynyň goşguşysyna aýdym döretdi

Ýaş belgiýaly sazanda Toni türkmen poeziýasynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Görer gözüň iliňi goşgusyna esaslanýan iňlis dilinde döredilen täze kompozisiýasyny hödürledi. Bu taslama Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň goldawy bilen türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan ýylyň çäklerinde amala aşyryldy.

Täze kompozisiýa aýdymçy bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň arasynda üstünlikli medeni hyzmatdaşlygynyň dowamy boldy. Şu ýylyň başynda Toni eýýäm Brýusseliň meşhur ýerlerinde we ilçihananyň binasynda şekilli aýdymlaryny surata alyp, Turkmenistan Dreams atly kompozisiýasyny çykarypdy.

Täze aýdymyň esasyny Magtymguly Pyragynyň Görer gözüň iliňi atly meşhur goşgusy düzýär. Bu goşguda şahyr watansöýüjilige, däp-dessurlara hormat goýmaklyga we ýokary ahlak ýörelgelerine eýermäge çagyrýar. Aýdymçynyň Turkmenistan Dreams atly öňki ýerine ýetiren işi hem türkmen medeniýetine bagyşlanyp, onuň sözlerini diplomat Maral Rahymowa ýazypdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan goldanylýan şeýle döredijilik başlangyçlary iki ýurtduň arasynda medeni aragatnaşyklary berkitmäge we daşary ýurtlarda türkmen halkynyň medeni mirasyny tanatmaga ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy goşgy okamak bäsleşigini gurady
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar