Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy Challenge Airlines-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Duşuşyga Türkmenhowaýollary gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy. Wideo konferensiýada uçuşlary amala aşyrmak we Challenge Airlines bilen türkmen raýat awiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Challenge Airlines-niň wekilleri kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar. Awiakompaniýanyň meýilnamalary Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Liege (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy öz içine alýar.

Kompaniýanyň dünýäde 1000-den gowrak işgäri bar we howa gatnawy, ýük daşamak, goldaw hyzmatlary we tehniki hyzmat bilen meşgullanýar. Awiakompaniýanyň işleriniň ep-esli bölegi (65%) temperatura gözegçilik edilýän harytlar, awtoulag önümleri, howa giňişligine degişli önümler ýaly standart däl ýükleri daşamak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Turkish Airlines-y saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär