Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi

Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi

Belgiýanyň "Diplomatic world" žurnalynyň 70 ýyllyk ýubileý sany Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlaryna bagyşlanyldy. Žurnalyň 18 sahypasynda Türkmenistanyň ykdysadyýet, energiýa, söwda we medeniýet ugurlarynda gazanan üstünlikleri görkezilýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Žurnalyň esaslandyryjysy Barbara Ditrih we "Diplomatic world" žurnalynyň taslamasynyň dolandyryjysy Alberto Turkstra Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan "Dialog parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabada geldiler.

Belgiýanyň wekilleri Aşgabat şäherine eden saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň şol wagtky Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen duşuşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Barbara Ditrih Ýewropaly tomaşaçylary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiligi bilen tanyşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

"Diplomatic world" dünýä syýasatyny, işewürligi, maliýäni, ykdysadyýeti we medeniýeti birleşdirýän diplomatik neşirdir. Žurnal ilçileriň, Döwlet Baştutanlarynyň, ÝB-niň wekilleriniň, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň arasynda giňden ýaýrandyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
AÖB Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy