“Bellingcat” derňewi: Italiýa Türkmenistana €257 millionlyk ýarag satdy

Türkmenistan ýaraglarynyň aglaba bölegini ÝB ýurtlaryndan satyn alýar. “Bellingcat“ toparynyň anyklamagyna görä, ol ýaraglaryň uly bölegi Aşgabada Italiýa tarapyndan satylýar.

Bu barada çap edilen makalanyň gysgaça mazmuny bilen tanyş edýäris.

ÝB ýurtlary 2008-nji ýylda repressiw ýurtlara ýarag eksport etmezlik barada umumy ylalaşyga geldiler.

Mundan başga, Italiýada “hökümeti adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalaryny bozýan ýurtlara ýarag eksport edilmegini we olaryň üstünden ýarag geçirmegi gadagan edýän” ýerli kanunlar hem bar.

Açyk görnüşi ýaly, bu dokumenleriň ikisi hem Türkmenistana dahylly, sebäbi bu ýurduň hökümeti islendik alternatiw syýasy garaýşy, din azatlygy hukugyny gazaply basyp ýatyrýar we ilatyň maglumat elýeterliligini berk kontrol astynda saklaýar.

Emma muňa garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna laýyklykda, Türkmenistan 2007-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli aralykda ýewropa ýurtlaryndan 370 million ýewrolyk ýarag satyn aldy. Ol ýaraglaryň 76 prosenti (257 mln ýewro) Italiýanyň paýyna düşýär. Bu ýagdaý ýewropa ýurduny Türkmenistanyň esasy ýarag üpjünçisine öwürýär.

ÝB ýurtlarynyň uly bölegi özleriniň ýarag eksporty baradaky maglumatlaryny çap edýärler, emma Italiýa eksportyň bu görünşini “dürli” diýip atlandyrmak bilen bu maglumatlary ýaşyrýar.

Bu ýagdaý derňew geçirmegi kynlaşdyrdy we ýyllaryň ählisine degişli ähli maglumaty anyklamaga ýol bermedi.

ARX-160 hüjüm tüpeňi eksportyň esasy bölegini düzýär. Ony (käbir ýagdaýlarda “GLX-160 “nilasty granatomýotly) 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen harby parad mahalynda hem görse bolýar.

1 of 3

“Bellingcat“ toparynyň anyklamagyna görä, Italiýanyň “Beretta” firmasy 2011-nji ýylda Türkmenistana “ARX-160 “hüjüm tüpeňleriniň “aýratyn bölekleriniň 3470 sanysyny (bahasy €3,87 mln.) iberdi.

2017-nji ýylda Türkmenistana bu ýaraglaryň 300 sanysy iberildi (bahasy €528 müň).

Bulardan başga, dürli telereportažlarda başga görnüşli italiýan ýaraglary hem göze ildi.

Husuan-da 2011-nji ýylda Türkmenistana “Beretta PX4“ sapançalarynyň 120 sanysy iberildi.

2018-nji ýylda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen harby parad mahalynda Italiýanyň iki sany “AW-109“ we iki sany “AW-139“ dikuçary göze ildi.

Olar Akdepedäki harby bazada görüldi.

1 of 2

Umumy bahalary €64 million bolan AW-139 dikuçarlary Türkmenistana 2011-nji ýylda iberildi.

AW-109 dikuçarlarynyň iberilen wagtyny we bahalaryny anyklamak başartmady.

Eksport dokumentlerinde olaryň raýat dikuçarlary hökümnde hasaba alnandygyny çaklamak mümkin, emma harby kamfulýaždan we olaryň harby parad mahalynda görkezilmeginden çen tutulsa, bu hakykata gabat gelmeýär.

Şeýle-de, FZ233 raketa atyö enjamy bilen abzallaşdyrylan AW-109 2017-nji ýylyň 1-nji awgustynda geçirilen harby okuwlar mahalynda göze ildi.

Umuman alnanda, bu modeldäki dikuçarlaryň üçüsi görüldi, olaryň belgileri 70, 72 we 74. Derňew dokumentlerine laýyklykda, olar Türkmenistana 2003-nji we 2016-njy ýyllar aralygynda iberilip bilinmeli däl.

Italiýanyň DIM-i 2011-nji ýylda Türkmenistana “AW-101“ dikuçarlarynyň ikisini (bahasy €103 mln.) ibermäge rugsat berdi. Ortaça transport dikuçary raýat we harby maksatlary üçin deň derejede ulanylyp bilner. Bu dikuçarlaryň bort belgileri EZ5714 we EZ5715 bolup, olar Akdepedäki harby-howa bazasynda görüldi.

Türkmenistan 2011-nji we 2012-nji ýyllarda bu dikuçarlaryň ätiýaç şaýlary üçin 9,5 mln ýewro töledi.

1 of 3

Türkmenistanyň BMF harby gämilerinde Oto Melara 40L70 gämi toplary görüldi. Umuman, bu hili toplaryň Türkmenistana 7-siniň bardygy anyklandy. Olaryň ikisi Türkmenistana 2011-nji ýylda getirildi (bahasy €7 mln.).

1 of 7

Italiýa Türkmenistana harby uçarlary hem eksport etdi. “Bellingcat” tälim üçin niýetlenen “Aermacchi M-346” söweş uçarlaryny we “Alenia C-27J Spartan“ ýük uçarlaryny hem ýüze çykardy, olar prezidente 2018-nji ýylyň maýynda görkezildi. Bu uçarlary Türkmenistana iberen “Leonardo” kompaniýasy bu söwda hakynda hiç bir maglumat bermedi.

1 of 2

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidenti Italiýa sapar edýär
Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy
Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär
Türkmen prezidenti Italiýa, Aşgabada döwrebap ýaraglary satýan ýurda sapar eder
Türkmenistan Italýanyň harby-ulag uçaryny satyn aldy, belki-de ikisini
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar