Berdimuhamedow agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň prezidentini kabul etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji noýabrda agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň (IWF) prezidenti Tamaş Aýany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň gelejegi we DÇ-2018-iň netijeleri barada pikir alşyldy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, “prezident Türkmenistanyň ýakyn geljekde welotrek, sambo, boks, şeýle-de kenarda oýnalýan Aziýa oýunlary boýunça dünýä derejeli ýaryşlary geçirmek babatda ýüztutmalary kabul edendigini habar berdi”.

Neşir döwlet baştutanynyň “geljekde agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny aýdandygyny” haba berdi. Tamaş Aýan öz gezeginde Berdimuhamedowa teklibi üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän federasiýasynyň geljekde hem agyr atletika boýunça türkmen mekdebiniň has-da ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.

Ýatladýarys, Aşgabatda 1-nji noýabrdan 10-njy noýabra çenli aralykda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
15.05.2017 | Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi