Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi

Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi

12-nji maýda prezident Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “Socar” döwlet nebit şirketiniň başlygy Röwnag Awdyllaýewi kabul etdi.

Awdyllaýew Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt sermaýalaryny ýatyrmak baradaky halkara ýygnanyşyga gatnaşmaga gelipdi. Bu barada TDH döwlet habarlar gullugy maglumat berdi.

Taraplar bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, olaryň iň möhüminiň biri Hazardaky ummasyz tebigy gaza baý “Dostluk” ýatagyny özleşdirmek barada gürrüň etdiler.

Ekspertleriň pikiriçe, Berdimuhamedowyň hut özüniň Awdyllaýewi kabul etmek fakty türkmen häkimiýetleriniň azerbaýjan monopolisti bilen hyzmatdaşlyga näderejede umyt edýändigini görkezýär.

TDH-iň maglumatlaryna görä, halkara forumda TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ösüş bellendi.

13-nji maýda Türkmenbaşydaky deňiz portuna uzynlygy 154 metr, 5,4 müň tonna ýük daşaýan “Azerbaýjan” paromy gelip, ýurda döwrebap tehnikany getirdi.

Yatlatsak, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda “Dostluk” ýatagynda barlag geçirmek, ony özleşdirmek we tebigy gaz baýlyklaryny öwrenmek boýunça düşünişmek jarnama gol çekilipdi.

18-nji aprelde prezident Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” şirketiniň başlygy, asly Azerbaýjanly Wagit Alekperow bilen “Dostluk” ýatagyny özleşdirmek barada maslahat edipdi.The post Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

“Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi
Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021 ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady