Berdimuhamedow ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi

Berdimuhamedow ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Hökümetiň Awazada geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ilatyň saglygyny goramak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, halkyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny berkitmek we ösdürmek Milli maksatnamanyň esasy maksady hem-de wezipeleri bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol işler dünýäni gurşap alan koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly ýagdaýy nazara alanyňda, aýratyn zerur bolup durýar.

Milletiň Lideri häzirki wagtda ilat üçin maglumatlary işläp taýýarlamak we ýaýratmak boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Şol çäreleriň hatarynda düşündiriş sanitariýa-bilim işleri giňden geçirilmelidir. Şeýle hem şahsy arassaçylyk düzgünlerini wagyz etmek hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini alyp barmak boýunça işler güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutany wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda iki ýokary okuw mekdebi täze okuw ýylyndan hojalyk hasaplaşygyna geçer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hökümetiň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti has möhüm ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy