Berdimuhamedow maliýeçilere käýinç berip, manadyň satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmagy buýurdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe ministri Muhammetguly Muhammedowa we saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nujrmuhammet Annanepesowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin berk käýinç yglan etdi. Bu barada TD döwlet habar gullugy habar berýär.

Şeýle-de prezident, “wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin“, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi we bank edaralarynyň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow “milli manadyň satyn alyş ukybynyň ýokarlanmagy, bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň we hiliniň gowulandyrylmagy, ýerli önümleriň eksportynyň köpeldilmegi hem-de walýutada gelýän girdejileriň artmagy” barada aladalaryny bildirdi.

Ýatladýarys, prezident maliýe-ykdysady pudagyň ýolbaşçylaryna “maliýe sistemasynyň durnuklylygyny, inwestisiýa aktiwligini, manadyň durnuklylygyny we satyn alyş ukybyny, şeýle-de ýurtda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagy üpjün etmegi 6-njy aprelde hem tabşyrypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” 17-nji martda nyrhlaryň ýokarlanýandygyny we türkmen manadynyň hümmetiniň peselýändigini habar berdi.

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy $1 7,2 7,5 manat derejesinde kesgitlenýär.Resmi kurs bolsa, ozalkylary ýaly $1- 3,5 manatda saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Sanly bilim ösüşleriň mizemez binýady
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy