Berdimuhamedow Ştaýnmaýere gutlag hatyny iberdi

Berdimuhamedow Ştaýnmaýere gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, türkmen Lideri Gutlag hatynda belledi we geljekde bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Şara ýurdunda başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli Germaniýa gurajak saparyny yza süýşürdi
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi