Berdimuhamedow “Türkmenstandartlarynyň” başlygyna eýesiz galýan desgalar üçin käýinç berdi

Türkmenistanyň prezidenti soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulmagyndan, beýlekileriniň bolsa, hasap-dan-hasaba berilmän, eýesiz galmagyndan nägile boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutany wise-premýer Goçmyrat Myradowdan, maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowdan ähli gurluşygy gutaran desgalarda barlag geçirmegi, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

“Döwlet topary kabul edip alnandan soň, şol desgalary ulanmak üçin buýrujylaryň hasabyna geçirmeli” diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň başlygy, gurluşyk materiallaryna gözegçilik we sertifikat bermekde jogapkär Merdan Kakabaýewe käýinç yglan etdi.

Maglumat: “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy döwlet guramasy bolup, Türkmenistanda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, akkreditirleýiş, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygy babatda öňdebaryjy innowasion tilsimatlary girizýär, bu ugurlar boýunça kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalarynyň ýeke-täk maglumat gaznasyny döredýär we reýestrleri ýöredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň baş drama teatrynda Romeo we Julýetta atly sahna eseri görkezildi
Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň hünärmenleri Özbegistanda gulluk iş saparynda bolýarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
Aýly şöhle kärhanasy Türkmenistanda üçek we diwar sendwiç-panellerini öndürýär
Lebapda ilat goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin ölçeýjilerini barlatmaga howlukýar