Berdimuhamedow ýokary derejeli resmilere käýinç paýlady

Berdimuhamedow ýokary derejeli resmilere käýinç paýlady

Türkmenistanyň prezidenti soňky birnäçe günüň dowamynda ýokary derejeli türkmen emeldarlarynyň ençemesine käýinç yglan etdi. Şol bir wagtda, adatça bolşy ýaly, resmilere berlen käýinçleriň jikme-jikleri aýan edilmedi.

29-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekowa “işde goýberen kemçilikleri üçin” käýinç yglan edildi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow ýokardaky umumy kesgitleme bilen ýurduň medeniýet we habar serişdelerine gözegçilik edýän wise-premýer Mährijemal Mämmedowa käýinç berdi.

Bu aralykda, 30-njy iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewe “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Şeýle-de, mejlisiň dowamynda şol bir kesgitleme bilen ýurduň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa hem käýinç yglan edildi.

Türkmenistanda resmilere berk käýinç, soňky duýduryş bermek, şol sanda olary ýygy-ýygydan çalşyrmak adaty bir zada öwrüldi. Şol bir wagtda, emeldarlaryň ol ýa-da beýleki wezipä haýsy başarnyklary esasynda bellenilýändigi, soň olaryň näme sebäpden wezipesinden boşadylýandygy doly mälim bolman galýar.

Şeýle-de, dürli döwürlerde türmä basylan öňki resmileriň soňky ykballary, bendilikde ýogalmagynyň anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Ýene degişli makalalar

Premýer-ministriň üç sany orunbasaryna, Ahalyň häkimine we TW boýunça döwlet komitetiniň başlygyna berk käýünç yglan edildi
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň täze düzümini tassyklady
S.Berdimuhamedow gurluşyk we medeniýet boýunça wise-premýerlere käýinç yglan etdi, söwda minsitrini belledi
Serdar Berdimuhamedow köne hökümetden täze hökümet düzdi
Türkmenistanyň hökümetindäki wise-premýerler täze prezidentde hem öz wezipelerini sakladylar