Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary Awaza geldi, sebitde howpsuzlyk güýçlendirildi

Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary Awaza geldi, sebitde howpsuzlyk güýçlendirildi

3-nji ýanwarda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde we onuň çägindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we ynamdar çeşmesi munuň häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlar maşgalasynyň käbir agzalarynyň “Awaza” gelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Şu gün günortan Berdimuhamedowlar maşgalasynyň kiçi ýaşly agzalary ýörite uçar bilen Türkmenbaşydaky howa menziline geldiler. Olaryň Awazadaky rezidensiýalarynda 10 gün dyçn aljakdygy aýdylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 3-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalaryny getiren uçar howa menziline gonanda, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Barlag gözegçilik postlaryndan bärde, etrapçalardan tä aeroporta çenli aralykdaky ýollar ýapyldy.

“Awazanyň Kongresler zalyndan başlap gündogar tarapy hem doly ýapyldy. Köçelerde we bazarlarda Milli howpsuzlyk ministrliginiň raýat eşikli we eli rasiýaly ofiserleriniň sany göz-görtele köpeldi” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, bazarlarda emeli azyk bolçulygy döredildi. Hususan-da, Türkmenbaşynyň “Kenar” bazaryndaky söwda tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşiniň, şol sanda tropiki miweleriň köpelendigini synlasa bolýar.

Häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalarynyň Awaza dynç almaga gelendigi barada resmi metbugatda häzirlikçe hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Azatlygyň bu barada Türkmenbaşynyň we Awazanyň häkimliklerinden kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Adatça ýurduň häkimiýetleri we döwlet mediasy Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalarynyň Awazada dynç alýan pursatlary barada diňe tomus aýlarynda, hususan-da awgustda habar berýärler. Ýöne olaryň bu ýerde ýylyň galan aýlarynda geçirýän dynç alyşlary we dabaralary barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.

Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary barada türkmen jemgyýetçiligine köp maglumat elýeterli däl. Ýöne olaryň Awaza dynç almaga gelendigi barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem birnäçe gezek maglumat beripdi.

Şonda hem, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, ýollaryň ýapylypdy we hereket çäklendirilipdi. Şeýle-de, bazarlarda emeli azyk bolçulygy döredilipdi. Ýöne bu bolçulyk, Berdimuhamedowlaryň sebitden gitmegi bilen, aradan aýrylypdy.

Geçen ýylyň martynda Balkandaky çeşmelerimiz öňki prezident, häzir Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimgulynyň durmuş toýunyň yz ýany, maşgalanyň Awazada toýdan soňky dabarany geçirendigini habar beripdiler.

Şonda olar “Ýelken” dynç alyş toplumynda 11-nji martda geçirilen dabara bilen baglylykda tutuş Türkmenbaşyda howpsuzlygyň güýçlendirilendigini, hereketiň çäklendirilendigini, jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň ýatyrylandygyny, ýollaryň we bazarlaryň ýapylandygyny aýdypdylar. Bu dabara we onuň ýaşaýjylara ýetiren täsirleri barada hem resmi mediada hiç zat aýdylmandy.

Türkmenbaşyly lukmanlaryň we Awazada ýerleşýän syýahatçylyk desgalarynyň işgärleriniň birnäçesi Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalarynyň häzirki wagtda sebite edýän saparyny “şu möwsümde deňziň howasynyň peýdaly hasaplanýandygy” bilen baglanyşdyrýar.

“Hususan-da, çagalaryň saglygy üçin örän peýdaly hasaplanýar. Sebäbi şu möwsüm ýoduň howa bölünip çykýan wagty hasaplanyp, deňziň kenarynda gezelenç etmek dem alyş ýollaryny, galkan şekilli mäziň kadaly işini dikeldip, astma, ýagny demgysmany bejermäge ýardam berýär” diýip, ýerli lukman belledi.

Azatlyk bu barada sebitiň Saglygy saklaýyş müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Piller barada nämeler bilýäris?
01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
02.12.2017 | Aşgabatda önümçiligiň tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi