Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýew Bereketli toprak gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 5-nji awgustda degişli Permana gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bereketli toprak gazetiniň ozalky baş redaktory Azat Gadamowiç Jepbarow 2023-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellenilipdi.
