Beýik çaý ýoly Russiýany, Hytaýy we Mongoliýany birleşdirer

Beýik çaý ýoly Russiýany, Hytaýy we Mongoliýany birleşdirer

Russiýa, Hytaý we Mongoliýa Beýik çaý ýoly ady bilen döwletara jahankeşdelik ugruny işe goýbermekçi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrligine salgylanýan News.ru ýazýar. Onuň ugry XVIII asyrda çaýyň eksporty üçin döredilen söwda ýoly boýunça geçer. Jahankeşdeler üçin zerur infrastruktura gurlar.

Beýik çaý ýoly Hytaýdan Mongoliýanyň, Sibiriň, Uralyň we Powolžýäniň üsti bilen Moskwa hem-de Sankt-Peterburga çaý eltmek üçin hereket edipdir. Täze taslama Russiýanyň sebitleriniň 18-si goşulmaga taýýar diýlip, habarda bellenýär.

Täze jahankeşdelik ugruny ösdürmek boýunça resminama üç ýurduň hökümetleri tarapyndan gol çekildi. Ýylyň aýagyna çenli taslamany durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. Beýik çaý ýoly ugry boýunça muzeýler, myhmanhanalar, düşelgeler, göwün açyş ýerleridir spa-salonlar we restoranlar gurlar.

Ýene degişli makalalar

Çuwaş türkçesi
Russiýanyň çäginiň 70 göterimden gowragyny gar örtdi
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Saha Türkçesi - 1
Mal keselçiliginiň köpelmeginiň arasynda, et bahalarynyň has ýokarlanmak ähtimallygy duýdurylýar
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy