Beýik ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp film surata düşürildi

Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň döredijilik topary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş ýyllarynyň wakalaryny öz içine alýan Daragt atly çeper filmi surata düşürdi. Ýazyjy Akmyrat Rejepowyň edebi eseri esasynda surata düşürilen filmde Ýakup atly türkmen ýigidiniň durmuş ýoly yzarlanýar.

Ýakup oba oglany, onuň ýaşaýan obasynyň ýaşaýjylary urşa ugradan adamlaryna garaşýarlar.Olaryň kimsi adamsyna, kimsi kakasyna, kimsi ogluna, kimsi bolsa agasyna garaşýar. Ýakubyň ýanýoldaşy Näzik bolsa oguljygy Umytjygy gujagyna alyp öz Ýakubyna garaşýar.

Ol uruşdan dolanyp gelýänleriň öňünden çykyp Ýakuby soraýardy. Ýakup bolsa urşa gideninde Näzigim men Watanymyzy ganym duşmanlardan azat edip, sag-aman dolanyp gelerin, ýöne sen gelýänçäm, erik agajymy gözden sypdyrmagyn, ol miwe getirip dursa men hökman gelerin, maňa garaş!

diýip gidýär.

Ýakup duşman bilen söweşýän wagty Saşa atly belarus ýigidi bilen dostlaşýar.Saşa bir gün Bize gyş gazaply gelýär.Sen bolsa yssy ýurtdan gelen, üşeýänsiň diýip, öz şinelini Ýakuba berýär.

Emma uruş ýitgisiz bolmaýar.Bularyň gapdalyna düşen snarýad sebäpli Saşa wepat bolýar. Ýakup bolsa agyr ýaralanýar.Soňra Ýakuby hassahana alyp gidýärler. Ýakubyň şineliniň jübüsinde Saşanyň resminamalary bolansoň, onuň adyny Saşa diýip ýazýarlar. Ýakup bolsa ýatkeşligini ýitirip özüniň kimdigini, niredendigini, hatda adyny-da bilmeýär. Şeýdip Ýakup Belarus topragynda galyberýär.

Näzik bolsa eli boşadygy erik agajyny suwlap, oňa gözegçilik etmek bilen boluberýär.Günlerde bir gün erik agajy guraýar. Şonda-da Näzik oňa ideg etmesini bes etmeýär.Umyt ýigit çykýar, Näzik bolsa, halys tapdan düşüp garraýar.

Yhlasa-myrat diýlişi ýaly, Ýakubyň bar umydy bolan erik ýene-de gülläp miwe getirip başlaýar.Filmiň soňunda Ýakup hem garry halda Watanyna dolanyp, öz maşgalasyna gowuşýar.

Filmi surata düşüren zehinli kinorežissýor Sahysalyh Baýramow, goýujy kinooperatory Maksat Hojabaýew, filmiň suratkeşi Şadurdy Alowow, şeýle-de filmiň gurnaýjysy Allamyrat Kerimow dagy filmiň şowly çykmagy üçin yhlasyny siňdiripdirler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi uruş ýyllarynyň harby ulaglary, egin eşikleri bilen ýakyndan ýardam berdi. Filmiň sahnalary Bäherden etrabynda, Sünçe, Nohur geňeşlikleriniň gözel ýerlerinde, şeýle-de Gökdepe etrabynda, Aşgabat şäheriniň töwereginde surata düşürildi.

Filmde esasy keşpleri, ýagny Ýakubyň ýaşlygyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýdogdy Sopyýew, Näzigiň ýaşlygyny bolsa Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa ynandyryjy edip janlandyrmagy başarypdyrlar.

Näzigiň garrylyk döwrüni mugallym zenan Tuwran Gurbanowa, Ýakubyň garrylyk döwrüni Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, professor Ýolaman Nurymow janlandyrypdyrlar. Şu ýerde Ýolaman Nurymowyň kino sungatynda ilkinji çykyşydygyny we muňa garamazdan, özüne ynanylan keşbiň şowly çykmagy üçin yhlas edendigini bellemek gerek.

Şeýle hem filmde Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sary Saryýew, Aşyr Ýemşikow, Annamuhammet Gurbanow, Atamyrat Ataýew, şeýle-de artistler Gülsere Jumaýewa, Oguljahan Kuliýewa, Mekan Jumabaýew we beýlekiler çykyş edýärler.

Film Aşgabat kinoteatrynda hem-de mawy ekran arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Akmyrat HOJABERDIÝEW,

Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Eýranda Ýene-de 3 Adama Ölüm Jezasy Berildi
“Daragt” atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Sahnada Gilgameş atly spektakly
Coddy programmirleme mekdebi Roblox Studio arkaly oýun işläp düzmek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar