Beýik ýerde ýerleşýän howuz

Dubaý The Address Residences Jumeirah Resort and Spa atly täze kenar şypahanasyny açmaga taýýarlyk görýär.Onuň üçeginde dünýäde iň beýik ýerde ýerleşýän howuz bolar.Howuz we sport zaly, Jumeirah etrabynyň kenarýaka şypahanasynda 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde ulanylmaga beriljek binanyň 75-nji gatynda ýerleşer.

Taslamanyň gurluşygyny Emaar kompaniýasy alyp barýar, Wellness and Barr+Wray ulgamy bolsa, binanyň dolandyryş işlerini öz üstüne alar.

Bu toplum beýikligi 303 metr bolan goşa diňden 217 otagly ýaşaýyş jaýyndan we myhmanhanadan ybarat bolar.Olar ýokarky we aşaky pyýada köprüleri bilen birleşdiriler.Häzirki wagtda gurluşygyň 75%-i tamamlandy.

Bu şypahanada saunalar, hammamlar, bejeriş otaglary we beýleki birnäçe bölümler bar.Dünýäde iň beýik ýerde ýerleşýän 94 metrlik açyk howuz bolsa, Dubaýyň we kenarýaka suwlarynyň panoramik görnüşini synlamaga mümkinçilik berer.

Mundan ozal Dubaýyň häkimiýetleri Palm Jumeirah adasyndaky Palma atly gökdiräniniň 52-nji gatynda dünýäde iň beýik ýerde ýerleşýän howuzyň gurulýandygyny habar beripdi.Bu howuz 210 metr beýiklikde ýerleşip, häzirki wagtda toplumyň gurluşygy hem tamamlanyp barýar.

Palma diňindäki howuz 930 müň litr suw bilen doldurylar.Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik howzy 191 metr belentlikde ýerleşýän Singapurdaky Marina Bay Sands Skypark gökdiränindäki howuzdyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň täsin akwaparklary
11.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
11.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Fransiýanyň ýaşaýjysy lotereýada Ýewropa üçin rekord bolan 200 mln ýewro utdy