Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan halkara maslahat

Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi.Türkmenistanda halkara bilermenleriň maslahatyny geçirmek baradaky pikir ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ösýän hyzmatdaşlygyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanyldy.Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda guralan maslahat durnukly ösüş üçin Beýik Ýüpek ýolunyň wajypdygyny hem-de ähmiýetini beýan etmäge, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary saklamak ugrunda ady rowaýata öwrülen bu ýoluň umumy mirasynyň mümkinçiligini açmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda onuň goşandynyň neneňsi ähmiýetli bolup biljekdigini görkezmäge gönükdirilendir.Maslahata 50-ä golaý ýurtdan ministrler, ýokary derejeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşdy.Maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini wagyz etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýändigi bellenilýär.BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa öz çykyşynda BMG-niň maýa goýumlaryň durnukly ösüşiň düzümlerine öwrülmegi üçin institusional we adam mümkinçiliklerini güýçlendirmekde ýurdumyza kömek berýändigini belledi.

Ol şeýle hem BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreşiň aýdan sözlerini getirdi.Baş sekretar dünýäni gadymy Ýüpek ýolunyň tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de “Bu ýagdaýy hemmeleriň bähbidine täze belentliklere tarap arşa götermäge” çagyrdy.Hanym Ý.Panowa täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbine işjeň ýagdaýda goşulyşýan Türkmenistanyň ulag we energetika taslamalarynyň hem-de başlangyçlarynyň, Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, “ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegini we Aral meselesini özünde jemleýän ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň direktory Aleksandr Leýht ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň maslahata gatnaşyjylara salamyny ýetirip, onuň wekilçilik edýän guramasynyň adamzada netijeli medeni alyşmalaryň we gatnaşyklaryň täsin nusgasyny beren Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine neneňsi ähmiýet berýändigi barada gürrüň berdi.Ol şeýle hem bu ýoly öwrenmek boýunça taslamanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen guralan ylmy saparlaryň ilkinjileriniň birini ýatlady.

Bu sapar 1991-nji ýylda Aşgabatda badalga aldy hem-de onuň barlaglary Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň eýeleýän wajyp ornuny tassyklady.Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň Ýüpek ýoly atly ugry boýunça işlere Türkmenistany goşmak bilen 14 ýurt çekildi.

Muňa barha artýan islegler babatda gatnaşyklar, köpdürlülik we ösüşler üçin Ýüpek ýoly boýunça ÝUNESKO-nyň onlaýn-meýdançasyny döretmek babatda täze başlangyja badalga berildi.Görnüşi ýaly, Ýüpek ýoly diňe bir gymmatly geçmişi däl, ýagty geljegi hem janlandyrýar.

Ol şeýle hem ertir üçin hem-de sebitde we dünýäde biziň bilelikdäki wezipelerimizi neneňsi çözýändigimize sapak berýär.Soňra umumy mejlisde medeniýet ministrleri hem-de dürli ýurtlardan hünär ugurly guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Ýüpek ýolunyň wezipesiniň dürli ugurlary geçen asyrlarda diňe bir harytlaryň däl, eýsem, filosofiýanyň, ylym-bilimleriň, edebiýatyň ýaýradylmagynda onuň eýelän orny barada gürrüň edildi.Maslahatyň çäklerinde şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen” diýen halkara bäsleşigiň foto işleriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň amaly-haşam sungatyny, neşirýat işini beýan edýän beýleki sergi gymmatlyklary guraldy.Myhmanlarymyz üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy, şol maksatnamanyň çäklerinde olar Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” diýen sahna oýnuna tomaşa etdiler, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna baryp gördüler. Şol ýerde bilelikdäki “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy.

Ýene degişli makalalar

06.12.2018 | Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär
Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär
BMG-de Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy başlady
Tbilisi Bütindünýä kitap paýtagty boldy
ÝUNESKO: zeminiň her onunjy ýaşaýjysy okap-ýazyp bilmeýär
ÝUNESKO: on adamdan biri sowatsyz