Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlarynyň medeniýet, sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen dabaralara daşary ýurtly myhmanlar, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Teatryň öňünde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary myhmanlary halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň milli aýdym-sazlaryny we tanslaryny ussatlarça ýerine ýetirmek arkaly şowhunly garşyladylar.

Laçyn folklor toparynyň artistleriniň türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirmegi aýratyn ýatda galyjy boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwala gatnaşyjy döwletleriň halk we estrada aýdymlaryna giň orun berildi. Saýra bilbil, Baltabaý gazak halk, gyrgyz, täjik estrada, Lazgi özbek halk aýdymlary, Altyn asyr folklor, Margiana, Näzli tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary bilelikdäki dost-doganlyk konsertine gatnaşyjylara lezzet paýlady.

Şeýle hem forumyň dabaraly ýapylyşynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy
Teatrlarynda 13 — 15-nji oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY
Ýurdumyzyň teatrlarynda 1 3-nji dekabr aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
NÄZLI NAGMALARY