Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri

1.Amul galasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýär (antik döwri-orta asyrlar).Amul galasy bol suwly Amyderýa golaý ýerleşendigi sebäpli, ýaşamak üçin amatly şertleri döredip, ýuwaş-ýuwaşdan giňelipdir hem-de ykdysady taýdan ösüpdir. Şeýle hem Istahry, Ýakut ýaly orta asyr arap awtorlarynyň maglumatlarynda Amul galasy orta asyrda Horasandan çykyp gündogara Mawerannahra we Hytaýa, demirgazyga Horezme, günorta Balha we Hindistana barýan kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşýän köp adamly uly şäher bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň aprel aýynyň 8-ne (39-njy karar bilen tassyklanan) Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Amul galasynda möwsümleýin arheologik işleri onuň demirgazyk-gündogar tarapynda we günorta-gündogar tarapyndaky diwarynyň böleginde rejeleýiş-berkidiş işleri geçirilýär.

2. Mansaf rabady Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Zerger geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Lebap welaýatynyň geçelge postyndan gündogar-demirgazyga tarap 2,423 km geçilenden soňra çep tarapa aýlanyp gazakompresorna gitýän gara ýol bilen demirgazyk-günbatar tarapda 11,465 km geçilenden soň, sag tarapa gitýän çägeli ýol bilen 2,9 km aralykda çägeli ýolyň gyrasynda Mansaf duralgasy ýerleşýär.

Ýadygärlik çig kerpiçlerden gurulyp, onuň gurluşygynda 33x33x7 sm ölçegli kerpiçler ulanylypdyr. Kerwensaraýyň demirgazyk we gündogar diwarlary saklanypdyr, daş tarapynda gasynlar bar. Olaryň demirgazyk tarapyndaky diwarynyň beýikligi 2,70x3,70 metr, gündogaryndaky 2,80 metre deňdir. Kerwensaraýyň demirgazyk-günbatar tarapynda has irki kerwensaraýyň yzlary bildirýär. Onuň üstünde bişen kerpiç bölekleri bar, şol kerpiçler orta asyra meňzeýär, 19x18,5x22x4,5x4sm.

Kerwensaraý iki sany, olaryň taraplarynyň ölçegi ýykylan ýagdaýynda 50x50 metre deňdir. Iki kerwensaraýyň aralygy 30x35 metr. Ýadygärligiň günbataryndan gara ýol geçýär, ol ýol demirgazyga tarap uzap gitýär.

3.Könegala kerwensaraýy (X-XIII asyrlar) Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üç ajy maldarçylyk hojalygynyň 18 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär.Lebap welaýatynyň geçelge postundan demirgazyk-gündogara tarap 2,423 km geçilenden soňra çep tarapa aýlanyp gazokompresorna gitýän gara ýol bilen demirgazyk-günbatar tarapda 11,465 km geçilenden soň, çep tarapa gitýän çägeli ýol bilen 360 metr aralykda şol ýolyň gyrasynda demirgazyk tarapda Könegala kerwensaraýy ýerleşýär.

Kerwensaraý inedördül görnüşinde bolup, onuň günorta-günbatar burçunda beýik diwar saklanypdyr. Kerwensaraýyň girelgesi günorta tarapynda bolup, günbatar tarapynda diňleriň yzlary bar. Bu kerwensaraý Akjagala kerwensaraýynyň iki howluly gurluşygyna meňzeýär. Onuň demirgazyk we gündogar tarapynyň diwarlary bölekleýin saklanypdyr. Gurluşygynda çig kerpiç we pagsa ulanylypdyr. Kerpiçleriniň ölçegi 33x33x8,5x9 sm.

4. At-Tahmalaj duralgasy (IX-X asyrlar) Könegala kerwensarýyndan günorta-günbatara tarap çölüň içi bilen 18,9 km ýol geçilenden soňra Tahmalaj duralgasynyň beýik alaňyň üstünde ýerleşýändigini görmek bolýar. At-Tahmalaj duralgasy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üç ajy maldarçylyk hojalygynyň çäginde, maldarçylyk hojalygyndan 15 km demirgazykda ýerleşýär.

Ýadygärlikde ilkinji ylmy barlaglar GTATE-tarapyndan 1950-1958-nji ýyllarda Pugaçenkowa G.A tarapynda ölçeg, ylmy-barlag işleri geçirilýär. Ýadygärlik planda inedördül görnüşde bolup, taraplarynyň ölçegi 14,80x14,80 metr.

Binanyň gurluşygynda 30x31x7,5x8 sm ölçegli çig kerpiçler ulanylypdyr. Ýadygärlik inedördül görnüşinde gurulypdyr. Günorta-günbatarynda uzynlygy 75 metr, ini 55 metr ýene bir arheologik depe birikýär. Binanyň otaglary dörtburç bolup, ýokarsy gümmez usulynda örtülendigini hazirki wagtda hem aýdyň görünýär. At-Tahmalaj duralgasy iki gatdan ybarat bolupdyr. Ýadygärligiň daş-töwereginde keramika önümleriniň döwülen böleklerini görmek bolýar.

5. Akja gala kerwensaraýy Tahmalaj duralgasyndan günorta-günbatara tarap çölüň içi bilen 5,736 km ýol geçilenden soňra Akja gala kerwensaraýyna barmak bolýar. Akja gala kerwensaraýy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üç ajy maldarçylyk hojalygyndan 17,1 km günbatarda ýerleşýär. Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan 62,9 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär.

Ýadygärlikde ilkinji geçirlen ylmy barlaglar barada 1966-njy ýylda çapdan çykan GTATE-niň XIII-tomynda Masson W. E. tarapyndan we 1950-58-nji ýyllarda gecirlen ylmy işler barda GTATE-niň VI-tomynda beýan edilýär.

Onuň plany gönüburçly görnüşinde bolup, çig kerpiçlerden gurulyp, taraplarynyň ölçegleri 150 x 80 metr.Kerwensaraýyň günorta tarapynda girelgesi ýerleşip, beýik peştagly girelge bolandygy saklanan diwar böleklerinden netije çykarmak bolýar.

Girelge tarapynyň daş ýüzi gasynlar bilen bezelip tapawutlandyrylypdyr.Gasynlar girelgäniň her tarapynda 15 sany.Kerwensaraý iki bölege bölünip, iki sany dörtburç açyk howlyly bolup, şol howla görä dürli ölçegli otaglar ýerleşdirilipdir. Çig kerpiçleriň ölçegi 31x32x7,5x8 sm.

Birinji howlynyň gündogar we günbatar diwarynyň merkezinde peştaga meňzeş diwar bölekleri saklanypdyr.Birinji howlynyň girelgesiniň garşysynda günortasyndaky ikinji howla barylýan arkaly peştag ýerleşdirilipdir. Şol peştagdan iki tarapa uzaýan diwarlaryň ýüzi tagçaly arkalar bilen bölünip bezelipdir.

Bu peştagyň çep tarapy ýykylypdyr.Ikinji peştagdan geçip, ikinji howla barmak bolýar.Peştagyň arkaly geçelgesinden girenimizde 5,50 metr aralykda iki tarapda dälize barmak üçin arka saklanypdyr. Şonuň çep tarapyndaky arkanyň ýokarsy ýykylypdyr, ini 1,43 metr.

Akja gala kerwensaraýynyň günorta-günbatarynda irkiräk kerwensaraýyň galyndysy saklanypdyr.

6. Gyzylja gala kerwensaraýy (IX-X asyrlar) Akja gala kerwensaraýyndan günorta-günbatara 5,510 km aralykda Gyzylja gala kerwensaraýy bolup, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üç ajy maldarçylyk hojalygynyň çäginde, maldarçylyk hojalygynyň 18,7 km günorta-günbatarynda Garagum çöldäki ýerinde ýerleşýär.

Onuň günbatar tarapyndan ýol geçýär. Bu kerwensaraý iki sany. Birinjisiniň günbatar diwary saklanypdyr. Galan diwarlary depä öwrülipdir. Ikinji kerwensaraý onuň demirgazygynda ýerleşýär. Olaryň ölçegleri deň görünýär.

Ýadygärlikde ilkinji ylmy barlaglar Masson M.Ýe. ýolbaşçylygynda 1952- nji ýyllarda GTATE-sy tarapyndan geçirilýär. Ýadygärligiň Beýik ýüpek ýolynyň ugrundaky kerwensaraýlaryň biridigi anyklanýar we plany çyzga geçirilýär.Arheologik gazuw işleri geçirilmeýär. Ýadygärlik planda inedördülräk görmüşde bolup, taraplarynyň ölçegi 60 x 55 metr; 65 x 60 metr.

Kerwensaraýyň merkezinde açyk howly ýerleşýär.Bu iki ýadygärligiň arasy 80 metr.Gurluşygynda pahsa we çigkerpiç, soňky gurluşygynda ölçegi 29 x 29 x 6 sm, bişen kerpiç ulanylypdyr.

Diwaryň düýbi 1,20 metr beýiklikdäki dörthatar pahsa galdyrylyp, soňra üstünden ölçegi 31 x 31 x 7 sm; 32 x 32 x 7sm; 33 x 33 x 7 sm , çig kerpiçden gurlupdyr. Ýadygärligiň daş-töwereginde keramiki önümleriň böleklerini görmek bolýar.

Gyzylja gala kerwensaraýy häzirki wagytdaky ýagdaýy günorta tarapyndaky kerwensaraýyň gündogar we günbatar burçundaky diňleri gowy saklanypdyr. Günbatra tarapyndaky daşky dywaryň uzynlygyna saklanyp galan böleklerini hem görmek bolýar.

7. Küşmeýhan şäheri (II-XIII asyrlar) Gyzylja gala kerwensaraýyndan günbatar-günorta tarap çöliň içi bilen 37 km-de ýerleşýär. Kuşmeýhan şäheri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Merw daýhan birleşiginiň çäginde, Garagum çöldäki ýerinde ýerleşýär. Gadymy Merw goraghanasyndan 29,5 km demirgazykda ýerleşýär.

Ýadygärlik esasy iki bölekden ybarat bolup, Diňli Kişman ýadygärligiň özi planda göni burçlyga ýakyn, taraplarynyň ölçegleri 240 x 360 metr, beýikligi 15 metre ýetýär.Günortasynda minara saklanyp galan, ölçegi 6,20 metr, beýikligi 11,5 metr deň.

Demirgazygyndaky gala inedördüle ýakyn görnüşde bolup, taraplarynyň ölçegi 190 x 180 metr, beýikligi 7metr. Ýadygärligiň gurluşygynda (ölçegi 40x40x10 sm, 41x41x10 sm, 37x37x10 sm, 43x43x10 sm ölçegdäki) çig kerpiç we pahsa ulanylypdyr. Ýadygärligiň üstünde ölçegi 28x28x5 sm, 31x31x6 sm, 32x32x7 sm, bişen kerpiç ulanylypdyr.Ýadygärlikde ilkinji barlaglar 1890-nji ýylda W.A.Žukowskiý tarapandan ýüzleý bellenip geçilýär.

Esasy 1952-nji ýyllarda M.E.Massonyň ýolbaşçylygynda GTATE-sy tarapyndan Küşmeýhan şäherinde ylmy barlag işleri geçirilýär we öwernilýär.Arheologik toplumynyň baş plany çyzga geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
23.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy
Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy
16.01.2018 | Amuldan — Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Kerwensaraýlar